Dragon Oýl (Türkmenistan) LTD Türkmenistanda ýokary netijeleri gazanýar

15:4029.09.2015
0
5225

Feýsal Rabi Al Awadi, Dragon oýl (Türkmenistan) LTD-niň baş menejeri:

—Häzir Londonda geçirilýän “Türkmenistanyň nebitgaz pudagy — maýa goýumlary üçin mümkinçilikleri” atly iki günlük maslahat nebitgaz ulgamynda iş alyp barýan dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ajaýyp mümkinçilikdir. Oňa gatnaşýanlaryň sanynyň şeýle köp bolmagy dünýä belli kompaniýalaryň Hazar deňziniň türkmen böleginiň nebitgaz serişdelerini özleşdirmek babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanmanyň artýandygyna güwä geçýär.

Biziň kompaniýamyz ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistanda 1999-njy ýyldan bäri iş alyp barýar. Biz nebitiň çykarylyşyny her ýylda 20-21 göterim artdyrmak bilen, bu ýurtda uly üstünliklere eýe bolduk. Şeýle üstünliklere ýetmek üçin biz uly işleri geçirdik. Haçan-da, ýaňy işe başlanymyzda, biziň şeýle ýokary netijeleri gazanjakdygymyza köpler ynanmady. Bu gün biz Türkmenistanda iş alyp baran döwrümizde gazanan üstünliklerimize buýsanýarys, men bu barada maslahatyň barşynda eden çykyşymda hem gürrüň berdim.

Pursatdan peýdalanyp, maslahatyň guramaçylary — Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligine halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, nebitgaz ulgamynda özara bähbitli täze taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň