Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň wise-premýeri Baýmyrat Hojamuhammedowy kabul etdi

10:1329.09.2015
0
2722

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň wise-premýeri Baýmyrat Hojamuhammedowy kabul etdi.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň resmi saýtyna salgylanyp, duşuşygyň barşynda Ilham Aliýew biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ir döwürlerden bäri dowam etdirilip gelinýändigini belläp geçendigi habar berilýär. Şeýle hem ol häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň garaşsyz döwletler hökmünde üstünlikli ösýändigini we durmuş-ykdysady ulgamlarda oňat netijeleri gazanýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany B. Hojamuhammedowyň Azerbaýjana saparyna işjeň häsiýetde ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňat görkezijisi hökmünde baha berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň