Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe süren döredijilikli başlangyçlary ähli halklaryň abadançylygyna we gülläp ösüşine gönükdirilendir

0
483
0
0

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş meseleleri boýunça sammite gatnaşmak üçin ABŞ-da iş saparynda bolanyndan soň, Aşgabada gaýdyp geldi.

Milletiň Lideri paýtagtyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, hökümet agzalarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutany Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň belent münberinden beýan edilen anyk teklipleriň dünýäniň ähli halklarynyň abadançylygyna we gülläp ösüşine, umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.

Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, sebit we ählumumy derejede durnukly ösüş üçin şertleriň döredilmeginiň bähbidine BMG bilen strategik hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklamak bilen, milletiň Lideri biziň ýurdumyzyň geljekde hem halkara bileleşiginiň tagallalaryna işjeň gatnaşmagy, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdini tapmaga gyzyklanma bildirýändigini we BMG-niň ählumumy maksatlaryny durmuşa geçirmekde Aziýadaky geljegi uly we netijeli merkeze öwrülmegi maksat edinýändigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow Türkmenistanyň halkara başlangyçlary bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen dünýäniň ösüş maksatlary boýunça umumydünýä ýagdaýyna ägirt uly goşant goşýandygyny belledi. Şeýle hem wise-premýer bu babatda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Iş maslahatynyň barşynda işjeň halkara gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we onuň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler hem-de ony ýerine ýetirmegiň ugurlary barada habar berildi.

Ýangyç-energetika toplumynda dünýäniň ösen tejribeleriniň, täzeçil tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylýandygy barada hasabat berildi.

Ýurduň ulag we aragatnaşyk ulgamynda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek, onda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pudaklaryň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak barada habar berildi.

Döwlet Baştutanyna söwda toplumynyň hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini döwrebap derejede ösdürmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berildi.

Paýtagtda alnyp barylýan abadanlaşdyryş we arassaçylyk işler, şenbe güni geçiriljek ählihalk ýowaryna taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler hakynda habar berildi.

Häzirki döwürde Ahal welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak hakynda hasabat berildi.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary özleriniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin döredilýän amatlyklar, harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdiler.

Şeýle hem olar milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly senelere, ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçleriniň gününe we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk işleri, öňde boljak dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, sazlaşykly ýol-ulag hereketini ýola goýmak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler.

Milletiň Lideri iş maslahatyny jemläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Öňde boljak şanly senelere, aýratyn-da, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli guraljak möhüm çärelere ykjam taýýarlyk görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru