Berdiýewiň topary “Spartakdan” öňe geçdi, indi “Zeniti” öňürtmeli

06:1129.09.2015
0
3219

Belli türkmen tälimçisi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän “Rostowy” Russiýanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda Krasnodaryň “Kubanyndan” üstün çykdy. Don boýundaky Rostowda geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

22-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren Dmitriý Poloz rostowlylary öňe çykardy. 35-nji minutda bolsa Sergeý Tkaçýow hasaby deňledi. 51-nji minutda derwezeçi Aleksandr Belenowyň ýalňyşlygyndan peýdalanan Poloz, duşuşykdaky ikinji goluny geçirip, “Rostowa” ýeňiş getirdi.

Bu ýeňşini, ýagny özüniň soňky dört duşuşykdaky üçünji üstünligini gazanmak bilen, “Rostow” ýaryş tertibinde Moskwanyň “Spartagyndan” öňe geçip, dördünji orunda ýerleşdi. Indi Rostowyň topary 18 utuk toplady. Üçünji orunda barýan “Zenitiň” hem şonça utugy bar. Berdiýewiň topary indiki tapgyrda, 3-nji oktýabrda myhmançylykda “Zenit” bilen duşuşar.

Duşuşykdan soň “Kubanyň” baş tälimçisi Sergeý Taşuýew garşydaşyň oýnuna ýokary baha berdi:

—“Rostow” oýny ýola goýlan tälimçiniň topary. Biz ýer eýeleriniň basgysyna taýýar däldik. Birinji ýarymda bize ondan çykmak hem başardypdy. Emma topa eýelik etmekde asgyn geldik. Biz bularyň ählisini göz öňünde tutupdyk, ýöne hiç zat başa barmady. Ikinji ýarymda hakyky futbola ýakyn oýnaldy. Emma az ýalňyşlyk göýberýän ýeňiş gazanýar. Biz bolsa köp ýalňyşdyk...

Öz gezeginde Gurban Berdiýew “Kubana” garşy gazanylan ýeňişden soň, öz toparynyň gyzgalaňly göreşe garaşandygyny belledi:

— Bu dartgynly duşuşyk boldy. Häzirki wagtda “Kuban” düýbünden başga topar. “Spartaga” hem-de bize garşy geçirilen duşuşyk muňa şaýatlyk edýär. Men Sergeý Taşuýewi köp wagtdan bäri tanaýaryn. Biz Tälimçileriň ýokary mekdebinde bile okapdyk. Maňa onuň iş alyp baryş ýörelgeleri belli. Men onuň tälimçiliginde “Kubanyň” oňat topar boljakdygyna ynanýaryn. Biz datgynly duşuşyga taýýarlandyk. Onuň hut şeýle boljakdygyna hiç ikirjiňlenmändik. Şu günki ýeňil düşmedik duşuşykda ýeňiş gazanandygymyza diýseň şat. 

— Siziň “Kubandan” bolan kärdeşiňiz “Rostowyň” oýnunyň aýratynlygynyň garşydaşa basgy etmek bolup durýandygyny we oňa döz gelmegiň kyndygyny aýtdy.

— Birinji ýarymda biz basgy etmekde asgyn geldik. Emma duşuşygyň bütin dowamynda bu görkezijide garşydaşdan öňürtdik. Bu biziň oýnumyzyň aýratynlygy diýip biljek däl. Ýöne basgy etmek oýnuň käbir pursatlarynda netije berýär. Ony oýundaky arakesmeler bilen sazlaşykly ulanmak bolar. Biz munuň oýnumyzyň esasy ýörelgeleriniň biri bolmagy üçin ymtylýarys.

— Size bu duşuşyk “Anži” bilen oýnalan oýundan has gowy ýaradymy?

— Hawa. Bu gezek biziň oýna hyjuwymyz başgaçady. Doly güýjünde oýnandyklary üçin topara minnetdar. 10 tapgyryň dowamynda topar düzmek mümkin däl. Ýöne biz ýuwaş-ýuwaşdan öňe hereket edýäris.

— Indi “Rostow” “Zenit” bilen 3-4-nji ýerleri paýlaşýar. Oýunçylar beýle belentlige çykandyklary üçin çekinmezlermi?

— Biziň toparymyzda tejribeli oglanlar bar. Olar ýerleriň möwsümiň ahyrynda paýlanýandygyna düşünýärler. Bizde göçgünli keýpiköklük bolmaz. Biz diňe her bir aýratyn duşuşyga özümizçe taýýarlanýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň