Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka iş sapary Türkmenistanyň täze taryhynda möhüm waka boldy

0
641
0
0

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka iş sapary Türkmenistanyň täze taryhynda möhüm waka boldy. 24-26-njy sentýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine bolan iş sapary geçen hepdäniň möhüm wakasyna öwrüldi. Ol ýerde döwlet Baştutany Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde guralan 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş meseleleri boýunça geçirilen sammite gatnaşdy.

Döwlet Baştutanynyň BMG-niň ştab-kwartirasyna şu gezekki saparynyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygyna hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy bilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna beslenen ýylda amala aşyrylmagynyň özboluşly manysy bardyr. Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaşy bolan Türkmenistan bu gün sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär, şeýle hem dünýäniň ykrar edilen ylalaşdyryjy merkezleriniň biri bolup durýar.

Durnukly ösüş boýunça geçirilen sammite Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary hem-de ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş baradaky Gün tertibiniň dünýä Liderleri tarapyndan goldanylmagy we kabul edilmegi bu forumyň esasy netijesine öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu täze global strategiýany işläp taýýarlamaga gös-göni gatnaşandygyny bellemeli. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan degişli milli geňeşmeleri geçirmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde seçilip alnan döwletleriň toparyna girdi. Munuň özi dünýä bileleşiginiň türkmen döwletiniň oňyn tejribesine gyzyklanmasynyň artýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Çünki Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda oňyn özgertmeler syýasatyny amala aşyrýar hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde uly üstünlikleri gazanýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy forumyň belent münberinden çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň üpjün edilmegine, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen anyk tekliplerini öňe sürdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, öňde goýlan 169 wezipäni, şeýle hem durnukly ösüş ulgamynda 17 maksady ýerine ýetirmek boýunça işlenip taýýarlanylan 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin täze ählumumy Gün tertibinde häzirki döwürde adamzadyň öňünde durýan möhüm meseleleriň, ösüş babatdaky wezipeleriň çözgüdine bolan çemeleşmeler öz beýanyny tapdy. Onuň esasy häsiýeti ykdysady, durmuş we ekologiýa ýaly durnukly ösüşiň üç ugrunda halkara bileleşiginiň deňeçer we toplumlaýyn çözgüdine gulluk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti gymmat bolmadyk, ygtybarly we häzirki zaman energiýa üpjünçiliginiň elýeterliliginiň, ykdysady ösüşiň we doly iş bilen üpjünçiligiň, çeýe düzümiň döredilmeginiň, senagatlaşdyrmaga goldaw berilmeginiň, täzeçil usullaryň höweslendirilmeginiň üpjün edilmeginiň önümçiligiň we sarp edişiň durnukly usulyny döretmäge, ýurtlaryň içinde we olaryň arasynda deňsizligiň azaldylmagyna mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Munuň özi hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň usulynyň kämilleşdirilmegini talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýakyndaky mejlisleriniň birinde durnukly ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmegi utgaşdyrmagyň ählumumy guralyny döretmek, şeýle hem BMG-niň bu ugurdaky sebitleýin toparlarynyň işiniň netijeliligini artdyrmak hakyndaky meselä seretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Gün tertibiniň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň durmuş ulgamyna gönükdirilmegidir. Hut şonuň üçinem durnukly ösüş Maksatlarynda durmuş ulgamyna degişli meseleler ilkinji orna çykaryldy.

Şeýlelikde, garyplygy aradan aýyrmak we tutuş dünýäde açlyga garşy göreşmek maksatlaryna ýetmek, Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy, Bütindünýä azyk guramasy ýaly institutlar bilen iýmitiň gowulandyrylmagynyň möhüm şertini üpjün etmek meselelerini çözmekde dünýä ýurtlarynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň bilelikdäki çärelerini sazlaşdyrmagy işjeňleşdirmeli.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde ýokary derejedäki Azyk forumyny geçirmegiň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi we ýurdumyzyň şu ugurda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutany sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, bilim we gender syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi barada aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, dünýäniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşi howanyň üýtgemegi we ekologiýa bilen baglanyşykly meseleleri çözmezden mümkin däldir. Milletiň Lideri Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin merkezi döretmek baradaky teklip barada aýtdy. Bu ýörelgä ygrarly bolmak bilen, ýurdumyz 2016-njy ýylda BMGÖM bilen Aşgabatda şunuň ýaly Merkeziň döredilmegine taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

“Türkmenistan mundan beýläk-de parahatçylygyň we adalatyň beýik ýörelgeleriniň ykrar edilmeginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlarynyň we wezipeleriniň durmuşa geçirilmeginiň bähbidine ýygjam halkara hyzmatdaşlygyny ösdürer” diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň eýeleýän işjeň netijeli orny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorkda bu iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygynda Pan Gi Mun BMG-niň Türkmenistany häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine oýlanyşykly çemeleşmäni ýola goýýan ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görýändigini nygtady.

Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysy hanym Helen Klark, Müsüriň, Rumyniýanyň, Mongoliýanyň, Latwiýanyň, Horwatiýanyň, Wýetnamyň Prezidentleri we Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen bolan duşuşyklarynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen köp sanly halkara çärelerine gatnaşdylar. BMG-niň we onuň guramalarynyň çäklerinde hereket edýän ösüp barýan ýurtlaryň iri döwletara guramasy bolan “77 topar+Hytaý” atly daşary işler ministrleriniň 39-njy duşuşygy şeýle çäreleriň birine öwrüldi. Bu guramanyň esasy işi senagat, oba hojalygy, bilim we ylym ulgamlarynda söwda-ykdysady, maliýe we tehniki hyzmatdaşlyk bolup durýar.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň BMG-niň Baş sekretarynyň aragatnaşyk we jemgyýetçilik maglumaty boýunça orunbasary hanym Kristina Gallah, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny, mümkinçiliklerini artdyrmak meseleleri baradaky Düzümiň Ýerine ýetiriji direktory hanym Fumzile Mlambo-Ngkuka bilen duşuşyklary geçirildi.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary “Deňsizlige garşy göreş, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak mowzugynda ýokary derejedäki interaktiw gepleşige, “Durnukly ösüş üçin durmuş sazlaşygy: hoşniýetlilik döwründe birek-birege düşünişmegi we hormat goýmagy öňe ilerledip”, “Durnukly ykdysady ösüşe, durnukly sarp edişi we önümçiligi özgertmäge hem-de ony höweslendirmäge ýardam bermek” ýaly interaktiw gepleşiklere, “2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüşiň Gün tertibinde azyk howpsuzlygy” we “Durnukly ösüşiň Maksatlaryna ýetmek üçin tehnologiýalary ilerletmegiň usullaryny herekete girizmek” ýaly maslahatlara gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen wakalaryň hatarynda “Durnukly ösüşiň suw bilen baglanyşykly Maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini we oňa ýetilmegini höweslendirmek” we “Dünýä Liderleri. Gender deňligi we zenanlaryň hukuklarynyň, mümkinçilikleriniň giňeldilmegi boýunça maslahat: hereketlere ygrarlylyk” mowzugy boýunça maslahatlar bar.

Duşuşygyň barşynda “Aziýanyň ýüregi — Stambul prosesi” mowzugy boýunça geçirilen duşuşykda parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmekde Owganystana kömek bermegi baş maksat edinýän sebitleýin hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan oňyn bitaraplyk derejesiniň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak arkaly Milletler Bileleşiginiň garamagyna Owganystany dikeltmek boýunça birnäçe teklipleri hödürledi. Olaryň hatarynda 2016-njy ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumyny geçirmek teklibi bar. Stambul prosesiniň çäklerindäki çäreler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak bilen, Türkmenistan öz ýerinde 2017-nji ýylda Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady maslahaty geçirmegi teklip edýär.

Şeýlelikde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisi Türkmenistanyň dünýä hereketine çuňňur goşulmagy üçin ygtybarly meýdança öwrüldi. Şunda ýurdumyz üçin diňe bir daşary ýurtlaryň oňyn tejribesi gyzykly bolman, eýsem, durnukly ösüşiň täze Maksatlaryna ýetmekde umumy tagallalara Türkmenistanyň uly goşandynyň boljakdygyny bellemeli. Munuň özi dünýäniň has howpsuz, abadan we nurana geljegini üpjün eder.

Dünýä bileleşiginiň we metbugat serişdeleriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä forumynyň işiniň barşynda öňe süren başlangyçlaryna, şeýle hem milletiň Lideriniň paýhasly ýolbaşçylygynda özüniň ösüşinde uly üstünlikler gazanýan türkmen döwletiniň durmuşyň dürli ugurlaryna uly gyzyklanma bildirmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru