Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda bahasy ABŞ-nyň 40 million 137 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 20-si hasaba alyndy

06:5428.09.2015
0
2913

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, nebit koksuny satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň, Estoniýanyň we Täjigistanyň işewür wekilleri suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna pagta ýagy, azyklyk bugdaýy, nah ýüplügi, garaköli we saryja dowarlaryň ýüňi ýerlenildi.  Satyn alan ýurtlar: Hytaý, Şweýsariýa, Şotlandiýa, Owganystan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 40 million 137 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Rossiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Slowakiýadan we Pakistandan  gelen işewürler jemi bahasy 8 million  manada golaý pagta ýagyny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň