Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýanyň Prezidenti bilen duşuşygy

0
518
0
0

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçýän 70-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mongoliýanyň Prezidenti Sahiagiýn Elbegdorž bilen duşuşdy.

Şunuň bilen baglylykda, mongol Lideri Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasat ugruna we onuň halkara hyzmatdaşlygy meselelerinde eýeleýän möhüm ornuna ýokary baha berdi. Ýurdumyzyň bu möhüm orny Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu Bütindünýä forumynda eden çykyşynda tassyklanyldy. Şunda türkmen döwletiniň Baştutanynyň beýan eden teklipleriniň wajypdygy nygtaldy. Şol başlangyçlar bolsa durnukly ösüşiň we ählumumy abadançylygyň maksatlaryna  ýetmegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Iki döwletiň Baştutanlary söwda-ykdysady ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, dürli pudaklarda, şeýle hem işewürler toparlarynyň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny aýtdylar. Golaýda Ulan-Batorda geçirilen birinji türkmen- mongol işewürler maslahaty hem muňa ýardam etmelidir. Türkmenistanyň başyny başlaýan halkara ähmiýetli iri taslamalaryny nazara almak bilen, ulag-aragatnaşyk ulgamynda  halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek boýunça  giň mümkinçilikler açylýar.

Şunuň bilen birlikde, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de  Sahiagiýn Elbegdorž netijeli ynsanperwer-medeni  hyzmatdaşlygy, bu ugurda özara bähbitli gatnaşyklary  pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, sentýabrda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Mongoliýadaky Medeniýet günleriniň hem-de bilelikdäki döredijilik çärelerini yzygiderli geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru