Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

11:0027.09.2015
0
3941

Şu gün  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçýän 70-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Kolinda Grabar-Kitarowiç bilen duşuşdy.

Özara düşünişmek we işjeň ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda ähli ugurlar boýunça  gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň hem-de Horwatiýanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge çalyşýandyklaryny aýtdylar.  

Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýanyň Türkmenistan üçin “Bagtyýarlyk”  we “Berkarar”  gämilerini gurup bermeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny, şeýle hem iki ýurduň işewürleriniň arasynda göni we netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurdygyny belledi. Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutany medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, 2015-nji ýylyň maý aýynda  Horwatiýanyň Zagreb şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini, taraplaryň ylalaşygyna laýyklykda, 2016-njy ýylda ýurdumyzda Horwatiýanyň Medeniýet günlerini geçirmegiň meýilleşdirilýändigini nygtady.

Şeýle hem syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly ähmiýeti bardyr. Bu ugurda Horwatiýa uly tejribe toplady. Biziň ýurdumyz oňa uly gyzyklanma bildirýär diýip, döwlet Baştutany belledi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurdygyny nygtady.

Energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk  ulgamlary, senagat pudaklarynyň birnäçesi, şol sanda maşyngurluşyk, şeýle hem özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesini toplan gämigurluşyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Horwatiýanyň Prezidenti horwat işewürler toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalara işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň