Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

0
377
0
0

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçýän 70-nji mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Wýetnam Sosialistik  Respublikasynyň Prezidenti Çyong Tan Şang bilen duşuşdy.  

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy. Gurluşyk we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, ýangyç-energetika toplumy, dokma pudagy, syýahatçylyk geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar, şol sanda taraplaryň ylym-bilim we medeni maslahatlara gatnaşmagy iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny hem-de özara düşünişmegini pugtalandyrmaga ýardam eder. Häzirki döwürde iki ýurduň arasynda bar bolan mümkinçilikler haryt dolanyşygynyň möçberleriniň has-da artmagynda möhüm şerti emele getirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Çyong Tan Şangy şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. Milletiň Lideri Wýetnamyň baştutanynyň bu maslahat gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerlemegine kuwwatly itergi berjekdigini nygtady.  2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna wýetnamly türgenleriň gatnaşjakdygynyň guwandyryjy ýagdaýdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz olara üstünlik arzuw etdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru