Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

08:5626.09.2015
0
3091

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçýän 70-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdul-Fattah Halil As-Sisi bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda, Müsüriň Prezidenti Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk dörediji syýasatyna ýokary baha berdi. Bu syýasat bolsa Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň möhüm şerti boldy. Müsür Arap Respublikasynyň Baştutany Türkmen döwletiniň Baştutanynyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen döredijilikli halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýtdy. Şol başlangyçlar Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde eden çykyşynda öňe sürüldi.

Öz nobatynda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Müsür Arap Respublikasy bilen, şol sanda halkara guramalarynyň çäklerinde doly möçberli döwletara gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, söhbetdeşler syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýdyp, soňky ýyllarda dünýä syýahatçylygynyň geljegi uly merkezleriniň birine öwrülýän Hazaryň türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegi bilen baglylykda, degişli düzümleriň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny bellediler. Syýahatçylyk ulgamynda Müsüriň baý tejribesi bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň