Türkmenistanyň we Rumyniýanyň baştutanlary ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyna garadylar

0
442
0
0

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannis bilen duşuşdy.

Rumyniýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň belent münberinden eden çykyşyna ýokary baha berdi hem-de Türkmenistanyň öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy. Şol başlangyçlar ýurdumyzyň sebit hem-de dünýä howpsuzlygy, suw strategiýasy, ekologiýa, bilim we durmuş ulgamlary meselelerinde Milletler Bileleşigine agza döwletleriň hemmesi, BMG-niň guramalary, edaralary, agentlikleri hem-de institutlary bilen işjeň gatnaşyklara çemeleşmeleriniň oňynlygyny kesgitleýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ozal gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagynyň barşyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlary görkezildi.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler durnukly ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti hökmünde energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhümdigini aýratyn nygtadylar. Şeýle hem Hazar we Gara deňiz sebitleriniň kuwwatyny birleşdirmäge hem-de halkara ýük daşamalary üçin täze ykdysady ugurlary üpjün etmäge gönükdirilen üstaşyr-ulag geçelgesini döretmegiň taslamasynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga, Türkmenistanyň we Rumyniýanyň halklarynyň bähbidine gönükdirilen netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru