Soňky habarlar

Arhiw

“Balkan” kümüş medal ugrundaky wajyp göreşde ýeňiş gazandy

23:5525.09.2015
0
5114

Aşgabatda we Balkanabatda geçirilen iki duşuşyk bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýokary ligasynda 25-nji tapgyr tamamlandy.

Balkan welaýatynyň merkezinde “Balkan” bilen “Ahalyň” arasynda bolan duşuşyk üns merkezinde boldy. Toparlaryň ikisi-de arany açan öňdebaryjy “Altyn Asyrdan” esli yza galansoňlar, indi kümüş medal ugrunda göreşýärler. Şu ýyl bu toparlar öz aralarynda iki gezek duşuşypdylar. Balkanabatda “Balkan” 4:1 hasabynda, Aşgabatda bolsa “Ahal” 3:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Üçünji aýlawyň duşuşygynda iki topar hem ýeňşe bolan uly ynamy görkezmegi başardylar. Hasaby 16-njy minutda “Balkanyň” oýunçysy Aşyrgeldi Ylýasow açdy. Şondan üç minut geçensoň, “Ahalyň” iň netijeli hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew hasaby deňledi — 1:1. Ikinji ýarymyň başynda Altymyrat öz toparyny öňe-de çykardy — 1:2. Ýöne ýer eýeleri 74-nji minutda Mekan Saparowyň dürs urgusyndan soň, hasaby deňlediler — 2:2. Netijede oýnuň esasy wagtynyň ahyryna çenli hasap üýtgemedi. Haçan-da goşmaça wagtyň üçünji minuty dowam edip durka şowlulyk Amir Gurbanä ýylgyryp bakdy. Bu oýunçynyň geçiren pökgüsi “Balkana” ýeňiş getirdi — 3:2 we topar 46 utuk bilen ýaryş tertibinde ikinji orna geçdi.

Aşgabatda HTTU bilen “Şagadamyň” duşuşygy 1:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Oýundaky ýeke-täk pökgini 70-nji minutda Orazberdi Myradow geçirdi. Bu ýeňişden soň, HTTU 6-njy orna geçdi. Bürünç medal ugrunda göreşýän deňizýaka futbolçylar bolsa öňde barýan üç topara ýakynlamak mümkinçiliginden peýdalanyp bilmediler.

26-njy tapgyr 25-nji sentýabrda “Hazyna” — “Energetik”, “Altyn asyr” — “Daşoguz” duşuşyklary bilen başlanar.   

 

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

HTTU – "Şagadam" – 1:0 (0:0)

23-nji sentýabr. Aşgabat. Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň stadiony. 200 tomaşaçy.

Pökgini geçiren: Orazberdi Myradow 70.

Duýduryş alanlar: Orazberdi Myradow 18, Annasähet Annasähedow 48, Hoşgeldi Hojowow 54 – Meýlis Rizaýew 36, Ýunus Orazmämmedow 59.

Emin: Alibek Sapaýew.

Duşuşygyň inspektory: Hudaýnazar Rejepow.

 

"Balkan" – "Ahal" – 3:2 (1:1)

23-nji sentýabr. Balkanabat. "Sport toplumy". 3 000 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Aşyrgeldi Ylýasow 16, Mekan Saparow 74, Amir Gurbani 90+3 – Altymyrat Annadurdyýew 19, 50.

Duýduryş alanlar: Myrat Berenow 42, Aşyrgeldi Saryýew 59, Mekan Saparow 80 – Ylýas Berenow 4, Mihail Titow 73, Akmyrat Gurbanow 80, Orazmuhammet Ymamkulyýew 80.

Emin: Çarymyrat Gurbanow.

Duşuşygyň inspektory: Jamil Mämmedow.

 

25-nji sentýabra çenli toparlaryň ýerleşiş tertibi

Iň köp pökgi geçiren futbolçylar:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 22 (2 – 11 metrlik urgudan).

Süleýman Muhadow ("Altyn asyr") – 20 gol.

Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal") – 19.

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 15 (6).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň