Daşary ýurtly raýatlar türkmen talyplary bolarlar

0
599
14
0

Bilim babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda baglaşylan Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 19-njy aprelinde çykaran 12973-nji kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine 2015—2016-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy iýulynda çykaran 6962-nji buýrugy bilen tassyklanan, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryndan daşary: Owganystan Yslam Respublikasynyň 30 raýatyny tölegsiz esasda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna bir ýyllyk dil öwreniş okuwlaryna;  Owganystan Yslam Respublikasynyň 30 raýatyny, Täjigistan Respublikasynyň 10 raýatyny, Hytaý Halk Respublikasynyň 4 raýatyny tölegsiz esasda, Russiýa Federasiýasynyň 1 raýatyny we Ukrainanyň 1 raýatyny tölegli esasda okuwa kabul etmäge ygtyýar berildi. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru