Türkmenistanda temmäki önümleriniň, alkogolly içgileriň söwdasy we dolanyşygy döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýär

0
627
18
0

“Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny, “Salgytlar hakyndaky” Türkmenistanyň bitewi Kanunyny we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda çykaran 11999-njy karary bilen tassyklanan, Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012—2016-njy ýyllar üçin Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanda temmäki önümleriniň, alkogolly içgileriň söwdasyny we dolanyşygyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek, galp ýol bilen öndürilen ýa-da serhetden bikanun geçirilen temmäki önümlerini we alkogolly içgileri satmagyň mümkinçiligini aradan aýyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2016-njy ýylyň 1-nji aprelinden başlap, Türkmenistana satmak maksady bilen getirilýän temmäki önümlerini we alkogolly içgileri, şeýle hem Türkmenistanda öndürilýän alkogolly içgileri goşmaça töleg nyşanlary bilen nyşanlamagy girizmek bellenildi.

2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, Türkmenistanyň goşmaça töleg nyşanlary bolmadyk temmäki önümlerini we alkogolly içgileri Türkmenistanyň çäklerinde satmagy gadagan etmek bellenildi.

Goşmaça töleg nyşanlaryny taýýarlamagy üpjün edýän, hasaba alýan we paýlaýan edaralar hökmünde:

Türkmenistana getirilýän temmäki önümleri we alkogolly içgiler boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy;

Türkmenistanda öndürilýän alkogolly içgiler boýunça Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy bellenildi.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru