Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlady

06:3324.09.2015
0
4034

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi adamzadyň medeni ösüşiniň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Mukaddes Gurban baýramynda berjek sadakalaryňyz, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, Ýer ýüzündäki at-abraýynyň we şan-şöhratynyň has-da belende galmagy üçin etjek ýagşy doga-dilegleriňiz kabul bolsun!

Mübärek Gurban baýramynyň däp-dessurlarynyň binýady ynsanperwerlikden ybaratdyr. Bu gadymy baýram türkmen halkynyň milli däplerini, beýik ýörelgelerini, haýyr-sahawatlylygyny, ýokary ruhy-ahlak, pähim-paýhas gymmatlyklaryny giňden dabaralandyrýar. Parahatçylygy we hoşniýetliligi rowaçlandyrýar, şol bir wagtyň özünde-de asylly maksatlara — halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryna alyp barýar. Köpasyrlyk taryhymyzda milli medeniýetimize, asylly däp-dessurlarymyza, paýhasly durmuş kadalarymyza esaslanýan Gurban baýramy ýurdumyzda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döredýär. Milli däplerimize eýerip, eziz halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar ir säher bilen toý lybaslaryna beslenip, bu baýramy ruhubelent garşy alýarlar. Toý saçaklary giňden ýazylyp, dürli nygmatlar bilen bezelýär. Agzybir halkymyz, goňşular we kowum-garyndaşlar bereketli saçagyň başyna jemlenip, ýagşy doga-dilegler edýärler.

Merdana halkymyzyň ruhy dünýäsiniň, milli medeniýetimiziň kämilleşmeginde, şahsyýetiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginde Gurban baýramynyň orny örän uludyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adamzadyň belent däplerini, ahlak kadalaryny, ynsanperwerligi dabaralandyrýan hem-de mähriban halkymyzyň myhmansöýerligini, milliligini özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy ählihalk baýramy hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenýär. Gurbanlyk günlerinde adamlarda birek-birege bolan mähir-muhabbeti, söýgini, ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýeleýän, arassa ahlaklylyk we päk wyždanlylyk ýaly ajaýyp däp-dessurlarymyzy, abadan we bagtyýar durmuşymyzy şöhlelendirýän baý mazmunly, köp öwüşginli dabaralar eziz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda geçirilýär. Munuň özi galkynýan we ösýän medeniýetimiziň, öz akabasyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, toý-dabaralarymyzyň jemgyýetimizi has-da jebisleşdirýändigini, beýik işlere hem-de ösüşlere galkyndyrýandygyny görkezýär.

Eziz watandaşlar!

Milli däpler nesilleriň hem-de döwürleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün edýär. Ynsanperwerlik, agzybirlik, haýyr-sahawatlylyk, ak ýüreklilik, lebzi halallyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk, ýaşuly nesle sarpa goýmak, ruhy we ahlak arassalygy uzak döwürleriň dowamynda baý medeniýeti bilen tanalyp gelýän halkymyzyň dünýägaraýşyna, ahlak kadalaryna düýpli ornaşan, nesilden-nesle geçip gelýän özboluşly, täsin hem-de gaýtalanmajak milli durmuş ýörelgeleridir. Bu asylly däpler milletimiziň agzybirliginiň, bitewüliginiň, pähim-paýhaslylygynyň kepili bolup hyzmat edýär.

Watansöýüjiligi, paýhaslylygy bilen halallyga, päklige, dogruçyllyga aýratyn orun berýän merdana halkymyzyň dürli medeniýetleriň we sungatlaryň özara baýlaşmagynda, kämilleşmeginde hem hyzmaty uludyr. Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, özboluşly medeniýeti we milli gymmatlyklary, beýik akyldarlarymyzyň sabyrlylyk, ýagşylyk etmek, dogruçyllyk hakyndaky parasatly wesýetleri, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky kämil ündewleri milli medeniýetimiziň möhüm bölegidir, halklary we milletleri birek-birege baglanyşdyrýan hem-de ýakynlaşdyrýan buýsanjymyzdyr.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi ynsanperwerligi, hoşniýetliligi hem-de ruhy päkligi dabaralandyrýan Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgalaňyzda abadançylyk, egsilmez bagt, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň kuwwaty, şan-şöhraty abadan we bagtyýar döwlet hökmünde has-da belende göterilsin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň