Halkara kitap sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylar gürrüň berýärler

0
435
1
0

Iwan Fýodorow adyndaky Moskwanyň döwlet neşirýat uniwersitetiniň rektory Konstantin Antipow.

Biziň uniwersitetimiz Aşgabatda geçirilýän Halkara kitap sergisine we ylmy maslahata her ýyl gatnaşýar. Meniň özüm bu serginiň işine eýýäm dördünji gezek gatnaşýaryn. Türkmenistanyň neşirýat gullugy bilen hyzmatdaşlyk biziň üçin strategiki ugur bolup durýar. Biz uzak ýyllardan bäri Türkmenistanyň neşirýat we poligrafiki pudagy (ulgamy) üçin ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlaýarys. Häzirki wagtda biziň uniwersitetimizde türkmenistanly talyplaryň 190-sy bilim alýar. Olaryň 100-si bolsa okuwa şu ýyl başlady. 

Halkara kitap sergisi hemişeki bolşy ýaly özüniň göwrümliligi we gozgaýan temalarynyň çuňlugy bilen haýran galdyrýar. Bu sergä Russiýa Federasiýasynyň 16 regionyndan 20 golaý neşirýat gatnaşýar.

Biz indiki ýyl hem güneşli we myhmansöýer Türkmenistanda öz ýurdumyza şeýle uly möçberde wekilçilik ederis diýip umyt edýäris. Biziň gatnaşyklarymyzyň köpüsiniň hakyky dostlukly gatnaşyklara öwrülýändigini belläsim gelýär. Halkara kitap sergisiniň “Kitap – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” diýen şygarynda aýdylyşy ýaly, biziň tükmenistanly kärdeşlerimiz bilen gatnaşyklarymyz sergide bolup geçýän wakalaryň düýp mazmunynyň hakyky şöhlelenmesiniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru