Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Ýork şäherine iş saparynda bolar

21:2323.09.2015
0
2506

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparynda bolar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisiniň çäklerinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş boýunça meselelere bagyşlanan duşuşyk geçiriler. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti hem gatnaşar. Döwlet Baştutanynyň çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary beýan ediler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ikitaraplaýyn duşuşyklary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary we käbir daşary döwletleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň