Halkara kitap sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylar gürrüň berýärler

16:5623.09.2015
0
2582

Özbegistan Respublikasynyň neşirýat-poligrafik döredijilik öýüniň marketing bölüminiň başlygy Zarifjan Mirzaýew.

Men her ýyl “Kitap – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly halkara kitap sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşýaryn. Bu sergi, bize her ýyl özümiziň täze önümlerimizi hödürlemäge, adamlaryň durmuşynda kitabyň nähili möhüm orun tutýandygyny we Türkmenistanda dürli žanrlardaky kitaplara nähili gyzyklanma bilen garaýandyklaryny görmäge mümkinçilik berýär. Biziň neşirýatymyz okuw kitaplaryny, ylmy-köpçülik üçin kitaplary we çagalar üçin niýetlenen kitaplary çykarmaga ýöriteleşdirilendir. Olar türkmen okyjylarynyň arasynda uly gyzyklanma döredýärler.
Pursatdan peýdalanyp, bu möhüm foruma gatnaşmaga we özümiziň täze kitaplarymyzy hödürlemäge döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini aýdasym gelýär.

Men her ýyl Aşgabada gelenimde aýratyn ylham alýaryn. Gün-günden ösýän we gözümiziň öňünde özgerýän bu ak mermerli şäher maňa juda ýaraýar. Men her ýyl Aşgabada gelenimde bu ýerde gysga wagtyň içinde bolup geçýän özgerişlere haýran galýaryn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň