Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly we okgunly öňe barýar

09:1823.09.2015
0
4232

Häzirki döwürde Türkmenistan demokratik özgertmeler, dünýä bileleşigine goşulyşmak, giň halkara hyzmatdaşlyk ýoly bilen ynamly we okgunly öňe gidip, özüniň daşary syýasat ugruny hemişelik oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda gurýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy ösdürmegiň milli nusgasynyň oňynlygy we döredijilik ruhy, şeýle hem ykdysadyýet, ylym we bilim, medeniýet, hukuk ulgamlaryna we beýleki ugurlara dünýäniň iň gowy tejribesiniň ornaşdyrylmagy döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda oňyn özgertmeler strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmaga ýardam edýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde, aýratyn hem soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistan milletiň Lideriniň parasatly syýasaty netijesinde durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünliklere eýe boldy. Ykdysadyýetde netijeli düzümleýin özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde jemi içerki önümiň adam başyna düşýän derejesi boýunça Türkmenistan Bütindünýä bankynyň görkezijisi babatda girdejileri orta derejeden geçýän ýurtlaryň toparyna girýär. Galyberse-de, dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň bolan döwründe-de Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan ykdysady ösüşiň ýokary depginini saklap galmagy başardy — soňky ýyllarda jemi içerki önümiň ösüş depgini ortaça 10 göterim derejesinde saklanyp galýar.

Oýlanyşykly durmuş, şol sanda gender syýasaty durmuşa geçirilmezden, hukuklaryň we mümkinçilikleriň deňligini üpjün etmezden, iri ykdysady taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň amala aşyrylmagy şeýle netijeli bolmazdy. Türkmenistan durmuş ugurly döwletdir. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň öňünde biziň ykdysadyýetimiziň bazar netijeliliginiň hem-de durmuş adalatlylygy ýörelgeleriniň arasynda deňagramlylygy üpjün etmek wezipesini goýdy. Ýurdumyzda diňe bir tutuş ilaty däl, eýsem her bir raýaty, her bir maşgalany, ilkinji nobatda bolsa köp çagaly maşgalalary durmuş taýdan goramak üçin maddy ýeňillikler ulgamy döredildi.

Zenanlaryň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak we döwlet tarapyndan üpjün etmek jemgyýeti durnukly ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzda eneligi goldamaga, zenanlaryň döwletimizdäki we jemgyýetimizdäki derejesini hem-de ornuny ýokarlandyrmaga, milli kanunçylyga we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň şeýle syýasaty zenanlaryň ýokary durmuş, ykdysady we zähmet işjeňligini şertlendirýär.

Şeýlelikde, ykdysady ulgamda işleýän zenanlaryň paýy 44 göterimden gowrakdyr, döwlete degişli bolmadyk ulgamda işleýän zenanlaryň paýy bolsa şondan hem ýokarydyr, ýagny 47 göterime golaýdyr.

Häzirki döwürde türkmen zenanlary dürli ulgamlarda özleriniň iň gowy hünär we şahsy häsiýetlerini görkezýärler, köp ulgamlarda esasy wezipeleri eýeleýärler hem-de işiň täze ulgamlaryny ynamly özleşdirýärler. Türkmenistanda ministrlige ýa-da pudak edarasyna zenanlaryň ýolbaşçylyk etmegi adaty ýagdaýa öwrüldi. Ýurdumyzda zenanlar erkekler bilen deň derejede diňe bir döwleti dolandyrmaga däl, eýsem, daşary syýasat işine hem işjeň gatnaşýarlar.

Milli parlamentiň deputatlarynyň üçden birine golaýy zenanlardyr. Munuň özi orta dünýä derejesinden we dünýäniň ösen ýurtlarynyň köpüsiniň görkezijilerinden ýokarydyr. Zenanlaryň ýüzlerçesi Türkmenistanyň wekilçilikli häkimiýet edaralarynda, müňlerçesi bolsa ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda işleýärler.

Bilimde we hünäri seçip almakda hem deň mümkinçilikler döredildi. Gyzlar ýetginjekler bilen bir hatarda ýörite orta okuw mekdeplerinde dürli hünärler boýunça bilim alýarlar. Senagat we gurluşyk hünärleri boýunça gyzlar okuwçylaryň umumy sanynyň üçden birinden gowragyny eýeleýän bolsa, mugallymçylyk we lukmançylyk hünärleri boýunça ýörite orta hünär mekdeplerinde olaryň sany ep-esli köpdür (degişlilikde 87,8 göterim we 86 göterim).

Gyzlar ykdysady hünärlere hem uly gyzyklanma bildirýärler. Bu ulgamda ýörite orta okuw mekdeplerinde okaýanlaryň 70 göterime golaýy gyzlardyr.

Medeniýet we syýahatçylyk ulgamynda ýöriteleşdirilen orta hünär okuw mekdeplerinde okaýanlaryň ýarysyndan gowragy gyzlardyr. Hatda oba hojalyk hünäri boýunça ýöriteleşdirilen orta okuw mekdeplerinde hem gyzlar okaýanlaryň köp bölegini tutýar, olaryň sany 46 göterimden gowrakdyr.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň 35 göterime golaýy gyzlardyr, ýokary okuw mekdepleriniň professor – mugallymlar düzüminiň 40 göterime golaýy zenanlardyr.

Ýokary okuw mekdepleriniň hünärleri türkmen gyzlarynda dürli derejede gyzyklanma döredýär. Mysal üçin, inžener-tehniki hünärler boýunça fakultetlerde okaýanlaryň 17 göterimden gowragy gyzlar bolsa, tebigy ylymlarda bu görkeziji iki esseden hem gowrakdyr. Gumanitar we jemgyýetçilik hünärleri boýunça fakultetlerde bu görkeziji mundan hem ýokarydyr. Ýöne köp ýyllaryň dowamynda gyzlaryň arasynda lukmançylyk ýokary okuw mekdepleri has meşhur bolmagynda galýar, olarda okaýan talyplaryň umumy sanynyň 60 göterime golaýy gyzlardyr.

Türkmenistan Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasyny ykrar etmek bilen, adam hukuklary hakyndaky esasy halkara namalaryna, şol sanda zenanlaryň hukuklary hakyndaky jarnamalara we konwensiýalara goşuldy. Ýurdumyzda netijeli kadalaşdyryjy-hukuk binýady hereket edýär, partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň birnäçesiniň, şol sanda Zenanlar birleşiginiň işi her bir şahsyýetiň, şol sanda zenanlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksatlarynyň ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň şu ýylyň tomsunda Türkmenistana bolan sapary mahaly, Pan Gi Munuň aýaly hanym Pan Sun –Taek Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine baryp gördi. Şol ýerde belent mertebeli myhmana bu iri jemgyýetçilik guramasynda alnyp barylýan uly işler barada gürrüň berildi. Zenanlar birleşigi döwlet çäreleriniň ählisine işjeň gatnaşýar, ýurdumyzyň ähli forumlaryna wekilçilik edýär. Onuň işi zenanlaryň raýatlyk aň-düşünjesiniň ýokarlanmagyna, olaryň durmuş işjeňliginiň artmagyna ýardam edýär.

Türkmenistanyň BMG-niň Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürilýär. Gazna bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki taslamalaryň köpüsi üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu düzümiň goldaw bermeginde Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça 2015—2020-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu meýilnama gender gatnaşyklary ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Ol zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamdaky işe gatnaşmagyny giňeltmek üçin zerur bolan şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň