Türkmen küştçüleri ýene iki medala mynasyp boldular

09:1623.09.2015
0
1592

Türkmen küştçüleri dünýäniň 5 gezek çempiony Nona Gaprindaşwiliniň adyna Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde ýakynda geçirilen halkara ýaryşynda iki medala – kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular diýip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bäsleşiklere dürli ýurtlardan 100-den gowrak küştçi gatnaşdy. Ýaryşlar erkekleriň we zenanlaryň arasynda garyşyk usulda geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndy toparynda diňe zenanlar çykyş edip, FIDE-niň ussady Ogulgerek Atabaýewa kümüş medala, sport ussatlygyna dalaşgär Jemal Öwezdurdyýewa bolsa bürünç medala mynasyp boldular.

Ogulgerek mümkin  bolan 9 utukdan 7 utuk toplady. Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewden tälim alýan küştçi gyz ýaryşyň ýeňijisi, ýer eýeleriniň toparyndan bolan Lila Koridzeden 0,5 utuk yza galdy.

Şonuň ýaly möçberde utuk (7) gazanan J.Öwezdurdyýewa ikinji orun ugrundaky bäsleşikde öz ildeşinden diňe sport netijeliliginiň barabarlygy boýunça yza galdy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhratguly Myratgulyýewiň tälim  berýän 17 ýaşly küştçüsiniň gazanan üstünlikleriniň hatarynda zenanlaryň arasynda ýurdumyzyň çempionatynda gazanan ýeňişini görkezmek bolar, ol paýtagtymyzda şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirildi.

Häzirki wagtda türkmen kütçüleriniň milli ýygyndysy 24-nji oktýabr – 6-njy noýabr aralygynda Gresiýada geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň