Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatyna badalga berildi

0
212
0
0

22-nji sentýabrda  Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde  Türkmenistanyň iki çempionaty – 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň we 60 ýaşdan ýokary weteran küştçüleriň arasynda ýurdumyzyň birinjiligi badalga aldy.

Ýetginjekleriň arasynda geçiriljek ýaryş küşt muşdaklarynyň arasynda uly gyzyklanma eýe bolar, onda ýaryşyň ýeňijisi bolar diýlip garaşylýan 16 ýaşly halkara ussady Saparmyrat Atabaýewe uly umyt baglanylýar. Eger-de oňa birinji ýeri eýelemek başardan ýagdaýynda, bu onuň dürli ýaşly küştçüleriň arasynda geçirilen milli çempionatlardaky ýigriminji ýeňşi bolar. Bu türkmen küşt mekdebiniň Garaşsyzlyk döwrüniň taryhynda ýeten iň ýokary rekord netijesidir.

Wetaranlar barada aýdylanda bolsa, olar noýabr aýynda Italiýada geçiriljek dünýä çempionatyna ýeke-täk ýollanma ugrunda bäsleşerler. Altyn medala eýe bolan küştçi dünýä çempionatynda Türkmenistana wekilçilik etmäge hukuk gazanar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru