Arhiw

Türkmenistanyň Mongoliýa Respublikasynda Medeniýet günleri geçirilýär

09:0423.09.2015
0
3139

22-nji sentýabrda mongol paýtagtyndaky Döwlet akademiki opera we balet teatrynda Türkmenistanyň Mongoliýa Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Türkmen-mongol gatnaşyklaryny ýola goýmagyň hem-de mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda netijeli ädim boljak bu döredijilik çäresini geçirmek üçin dostlukly ýurda Türkmenistanyň uly wekiliýeti geldi. Wekiliýetiň düzüminde medeniýet we sungat işgärleri, şol sanda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de paýtagtymyzdan meşhur aýdymçylar we sazandalar, tans toparlary, muzeý işiniň hünärmenleri bar.

Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşyna Mongoliýanyň hökümetiniň, diplomatik wekilhanalaryň, giň jemgyýetçiligiň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, mongol paýtagtynyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň Watanymyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikler barada gürrüň berýän “Türkmenistana hoş geldiňiz!” diýen köp öwüşginli wideorolik tomaşaçylara görkezildi. Wideofilmde ýurdumyzyň senagat pudagynda, ulag ulgamyny, giň möçberli şäher gurluşygyny, obasenagat toplumyny, syýahatçylyk pudagyny, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabady  hem-de Hazaryň kenaryndaky haýran galdyryjy Awaza şypahanasyny ösdürmekde, türkmen halkynyň taryhy-ruhy mirasyny aýawly saklamakda we artdyrmakda gazanýan üstünlikleri öz aýdyň beýanyny tapdy.

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň  sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyny ajaýyp halk aýdymlary we sazlary, nusgawy hem-de estrada sazlary, tans çykyşlary düzdi.

Ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilen “Türkmenistana geliň!” diýen joşgunly kompozisiýa dostluk baýramçylygyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Belli türkmen aýdymçylary hem-de “Dagdan” we “Aşgabat” tans toparlary çykyş etdiler. Olar mähriban topragymyza, onuň gözelligine çäksiz söýgi duýgusyna beslenen çykyşy  ýerine ýetirdiler.

Milli aýdymlar, halk saz mirasynyň eserleri, şeýle hem meşhur türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy.

Tomaşaçylar tans toparlarynyň aýdyň kompozisiýalaryny, milli saz gurallarynyň köp öwüşginliligini, täsin owazyny aýdyňlyk bilen görkezen sazandalaryň çykyşlaryny, ýurdumyzyň meşhur estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren häzirki zaman we halk aýdymlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylap, olara mynasyp baha berdiler. Tomaşaçylary haýran galdyran gadymy “küştdepdi“  halk tansy baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy.

Tutuş konsertiň özi hem ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Munuň özi  sungatyň serhediniň ýokdugy baradaky pikiri nobatdaky gezek aýdyňlyk bilen tassyklady. Minnetdar tomaşaçylar Türkmenistanyň Mongoliýadaky Medeniýet günleri ýaly duşuşyklaryň halklaryň arasyndaky gatnaşyklara oňyn täsir edýändigini, taryhy-ruhy mirasa hem-de häzirki zaman sungatynyň gazananlaryna özara gyzyklanmanyň artmagyna goşmaça itergi berýändigini biragyzdan bellediler.

Şu gün mongol paýtagtynda türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi açylar. Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet muzeýiniň gymmatlyklarynyň 80-e golaýy görkeziler. Bu ýerde milli lybaslar, haly önümleri, şaý-sepler, halk saz gurallary, çeper  suratlar giňden görkeziler.

Döredijilik çäresiniň jemleýji gününde – 24-nji sentýabrda Ulan-Batoryň Döwlet akademiki opera we balet teatrynda Türkmenistanyň hem-de Mongoliýanyň artistleriniň uly konserti bolar. Baýramçylyk konsertiniň maksatnamasyna milli we dünýä aýdym-saz medeniýetiniň taryhyna aýdyň sahypalary ýazan kompozitorlaryň eserleri, estrada aýdymlary  hem-de köp öwüşginli folklor we häzirki zaman tans çykyşlary giriziler.

22-24-nji sentýabr aralygynda Ulan-Batorda TÜRKSOÝ-yň “Ýewraziýanyň muzeýlerindäki milli lybaslaryň toplumlary” atly Üçünji muzeý forumy geçiriler. Bu giň möçberli çäre Halkara türki medeni guramasy we Mongoliýanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guraldy. Şeýle hem bu ýerde milli modanyň görkezilişi guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň