Türkmenistan dünýäniň esasy nebitgaz döwletleriniň hatarynda Hytaýy «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde ilkinji iri strategik hyzmatdaşyna öwrüldi

10:1022.09.2015
0
7298

Aşgabatda «Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý» gaz geçirijisini ulanmak boýunça Utgaşdyryjy komitetiň 13-nji mejlisi boldy — diýip “NEBIT-GAZ” gazeti habar berýär.

Oňa gatnaşanlar 2015 – 2016-njy ýyllarda tebigy gazy ugratmak hem-de Transaziýa turbageçiriji ulgamy ulanmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň işine iri halkara taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň dördüsinden kompaniýalaryň ýolbaşçylary we baş hünärmenleri gatnaşdylar. Olaryň arasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Uztransgaz» paýdarlar kompaniýasynyň, «AsiaTransGas» özbek-hytaý BK-nyň, «Aziýa gazgeçiriji» ÝBB-niň, CNPC International (Türkmenistan) hytaý kompaniýasynyň, şeýle hem Pekiniň Utgaşdyryjy merkeziniň wekilleri hem boldy.

Işçi toparyň hünärmenleriniň çykyşlary gaz geçirijiniň ugrunyň häzirki ýagdaýyna, şeýle hem ony ulanmak boýunça işleriň seljermesine bagyşlandy. Hususan-da, 2015-nji ýylyň IV çärýeginde we 2016-njy ýylda tebigy gazy ibermegiň her aýlyk meýilnamalary, tehniki taýdan hyzmat etmek we abatlamak boýunça işleri geçirmegiň tertibi, şeýle hem dürli düzüm desgalaryny gurmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy we ylalaşyldy.

«Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý» gaz geçirijisi dört tarapyň – energetika ulgamyň geçýän ýurtlarynyň deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygynyň mysaly hökmünde garamak bolar. Onuň ulanmaga berlen wagtyndan ýagny, 2009-njy ýylyň dekabr aýyndan, 2015-nji ýylyň awgust aýyna çenli turbageçiriji boýunça 125 milliard kubmetrden gowrak gaz iberildi. Şonuň 79 milliard kubmetri «Türkmengaz» DK-nyň paýyna düşýär. Bu görkeziji Hytaýyň satyn alýan tebigy gazynyň umumy möçberiniň 35 göteriminden gowrak mukdaryna deň bolup durýandygyny aňladýar.

Häzir turbageçiriji boýunça Hytaýa tebigy gazyň uly mukdaryny «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de CNPC hytaý kompaniýasynyň ugradýandygyny bellemek gerek. Ady agzalan kompaniýa Amyderýanyň sag kenarynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn toplumyň önümlerini paýlaşmak şertinde ýatagy işläp geçýärler. Mundan başga-da, 2014-nji ýyldan bäri «Uztransgaz» Özbegistanda çykarylýan tebigy gazyň uly bolmadyk möçberini turbageçiriji boýunça hem ugradýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan – Hytaý gaz geçiriji ulgamy umumy kuwwaty bir ýylda 55 milliard kubmetre deň bolan üç şahadan ybarat bolup durýar. Gaz geçirijiniň geçýän ugrunda gaz gysyjy beketleriň 6-sy we gaz gysyjy desgalaryň 10-sy hereket edýär. 2014-nji ýylda gaz geçirijiniň üçünji şahasynyň ulanmaga berilmegi bilen tebigy gazyň iberilýän möçberi ep-esli artdy.

Gazyň hiline geçirilen seljerme «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de CNPC hytaý kompaniýasynyň ugradýan harytlyk gazynyň ähli kadalara we standartlara gabat gelýändigini görkezdi. Şu ýylyň ýanwaryndan awgustyna çenli döwürde «Türkmengaz» döwlet konserni gaz ibermek boýunça meýilnamany 101,4 göterim derejede ýerine ýetirdi.

Häzir turbageçirijiniň türkmen böleginde gaz gysyjy beketler, ölçeýän merkez, beýleki desgalar we enjamlar üstünlikli işläp, olara öz wagtynda tehniki hyzmatlar edilýär.

«Uztransgaz» paýdarlar kompaniýasynyň, «AsiaTransGas» özbek-hytaý BK-nyň, «Aziýa gazgeçiriji» ÝBB-niň işgärleri gaz geçirijiniň özbek we gazak böleklerinde işleriň ýagdaýy, tehniki taýdan hyzmat etmek we abatlamak boýunça işleriň tertibi, şeýle hem düzüm desgalarynyň gurluşygynyň ýagdaýy hakynda maglumat berdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça oňa gatnaşanlar tarapyndan Teswirnama taýýarlanyldy we oňa gol çekildi. Bu resminama tebigy gazy ibermek boýunça ylalaşylan meýilnama-tertip hem-de şu ýylyň IV çärýeginde we 2016-njy ýylda tehniki taýdan hyzmat etmek we abatlamak boýunça işleri geçirmegiň tertibi girizildi.

Şeýlelikde, çalt depginler bilen ösýän hytaý ykdysadyýetini «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde Türkmenistan dünýäniň esasy nebitgaz döwletleriniň hatarynda Hytaýyň ilkinji iri strategik hyzmatdaşyna öwrüldi diýip, arkaýyn aýtmak bolar — diýlip “NEBIT-GAZ” gazetinde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň