Soňky habarlar

Arhiw

Neşir önümleriniň X halkara kitap sergi-ýarmarkasy we onuň çäklerinde geçirilýän ylmy maslahat öz işine başlady

08:5122.09.2015
0
2961

21-nji sentýabrda türkmen paýtagtynda neşir önümleriniň X halkara kitap sergi-ýarmarkasy we onuň çäklerinde geçirilýän «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly ylmy maslahat açyldy. Bu sergini Türkmen döwlet neşirýat gullugy Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraýar.

ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Italiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Eýranyň, Hindistanyň, Saud Arabystanynyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň we beýleki ýurtlaryň neşirýat öýleriniň hem-de çaphana kärhanalarynyň, işewür we edebi toparlaryň 140-a golaý wekilleri Aşgabatda ýygnandylar. Wekiliýetleriň düzüminde belli edebiýatçylar, terjime ussatlary, alymlar, suratkeşler, žurnalistler, döwlet we iri ylym-bilim düzümleriniň—Kembrij, Oksford we Illinoýs uniwersitetleriniň,  Moskwanyň Iwan Fedorow adyndaky Metbugat döwlet uniwersitetiniň, Moskwanyň M.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň, ABŞ-nyň we Eýranyň ilçihanalarynyň ýanyndaky maglumat we medeni merkezleriniň wekilleri bar.

Sergi köşgüniň giň zallarynda ýerleşdirilen diwarlyklar kitap we çap önümleriniň täzelikleri, dürli neşir enjamlaryny, kömekçi serişdeleri öndürijileriň diwarlyklary, tanyşdyrmalary, döredijilik duşuşyklaryny we işewür gepleşikleri geçirmek üçin ýörite meýdançalar bilen utgaşdy.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri görkezilen merkezi diwarlyk sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekdi. Olaryň hatarynda milletiň Lideriniň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik kitapdan ybarat bolan işi hem bar. Bu ýerde döwlet Baştutanynyň eziz Watanymyz hakynda täze kitaplarynyň—“Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan”, “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň we ösüşiň syýasaty”, “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler bolsa...” we beýlekiler, 2015-nji ýylda çap edilen “Kitaby dädem Gorkut” çagalar üçin ajaýyp kitaplaryň ençemesi, “Türkmenistanyň kosmos ulgamy “TürkmenÄlem 520E: milli aragatnaşygyň ösüşinde täze döwür” atly ýygyndy bar.

Günüň ikinji ýarymynda “Kitap hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly ylmy maslahat geçirildi. Oňa neşirýatlaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, kitaphana düzümleriniň wekilleri, çaphana önümçiliginiň hünärmenleri  edebiýatçylar we žurnalistler gatnaşdylar. Maslahata  gatnaşanlar Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda neşirýat pudagynyň gazananlary, kitap we beýleki çaphana önümleriniň önümçiligine iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň tejribesi, maglumat alyşmagyň elektron hyzmatlaryny döretmek we elektron usulda kitaplary ýaýratmak bilen tanyşdylar.

Gyzykly pikir alyşmalaryň barşynda  degişli ugur düzümleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, şol sanda neşirýat işiniň we çaphana  tehnologiýasynyň, terjimeçilik işiniň hünärmenlerini taýýarlamagyň, kitaphana we döredijilik hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra Sergi merkeziniň meýdançasynda türkmenistanly hem-de daşary ýurtly ýazyjylaryň we şahyrlaryň gatnaşmagynda milletiň Lideriniň “Türkmen medeniýeti” we “Ile döwlet geler bolsa...” atly  täze kitaplaryna bagyşlanan döredijilik duşuşygy boldy.

Forumyň indiki günleriniň baý mazmunly meýilnamasy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik eseriniň koreý dilinde neşir edilen üçünji jildiniň, “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň we ösüşiň syýasaty” kitaplarynyň, şeýle hem Türkmen  döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen çeper eserleriň we çagalar edebiýatynyň tanyşdyrylyşy ýaly möhüm wakalary öz içine alýar.

Mundan başga-da, kitap sergisine gabatlanyp çagalar edebiýatynyň hepdeligi geçirilýär. Onuň barşynda ýurdumyzyň mekdeplerinde, kitaphanalarynda, seýilgählerinde çeper okaýyşlar, edebi-sazly çykyşlar, suratlaryň  sergileri, halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşýan döwletleriň çagalar şahyrlary we ýazyjylary bilen duşuşyklar guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň