Mary welaýatynyň Peşanaly şäherçesinde täze Medeniýet öýi açyldy

16:3121.09.2015
0
4244

Mary welaýatynyň Peşanaly şäherçesinde täze Medeniýet öýi açyldy. Onuň 200 tomaşaça niýetlenen tomaşaçy zaly häzirki zaman zaly ýöriteleşdirilen ses we yşyklandyryş enjamlary, uly görkeziliş monitorlary bilen üpjün edilendir. Bu ýerde, şeýle hem konsertdir spektakllar bilen oba ýerlerine gelýän artistler bilen duşuşyklar hem geçiriler. Oba ýaşlarynyň zehininiň açylmagy üçin-de köp sanly gurnaklar, hususan-da, milli saz gurallaryny çalmagy öwrenmek, horeografiýa we hor sungaty, surat çekmek bilen meşgullanmak üçin gurnaklar göz öňünde tutulandyr.

Dürli döredijilik bölümleriniň iş alyp barmagy üçin informatika otagy, şekillendiriş studiýasy, grim, egin-eşik we beýleki otaglar bar. Giň egin-eşik goýulýan ýer we garbanyşhana hem medeniýet ojagyna gelýänleriň, tomaşaçylaryň hyzmatynda bolar.

Medeniýet öýüniň ýanaşyk çägi abadanlaşdyrylyp, gök zolak döredilendir. Woleýbol we basketbol oýnamaga niýetlenen hem-de çagalar meýdançalary hem şol ýerde ýerleşýär.

Peşanalykda açylan döredijilik merkezi soňky ýyllarda etrapda gurlan şeýle maksatly desgalaryň üstüni ýetirdi. Dürli medeni çäreleri geçirmäge we çeper höwesjeňler, folklor toparlarynyň hereket etmegine niýetlenen şeýle Medeniýet öýüniň ýakynda Mary welaýatynyň Ýolöten şäherinde hem açylandygyny bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň