Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Gyrgyz Respublikasynda Yssykkölüň kenarynda guruljak myhmanhananyň taslamasyny taýýarlady

16:0921.09.2015
0
9155

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Gyrgyz Respublikasynda Yssykkölüň kenarynda myhmanhana gurmak barada taslama taýýarlady. Bu taslama şu birleşmäniň agzalarynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar.

Desganyň umumy tutýan meýdany 4,37 gektara barabar bolup, 80 orunlyk myhmanhana, ýapyk ýüzülýän howuz, sport we çagalar üçin meýdançalar hem-de awtoduralga göz öňünde tutulýar. Taslamany “Döwlet gurluşyk” hojalyk jemgyýeti 24 aýyň dowamynda amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy syýahatçylyk ulgamynda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny ösdürmäge nobatdaky möhüm ädim bolar, bu ulgamda iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň