Türkmenistanyň Prezidenti neşir önümleriniň X halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatynyň açylmagy bilen gatnaşyjylary gutlaýaryn

0
514
0
0

Gadyrly myhmanlar! Neşirýat ulgamynyň hormatly işgärleri!

Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň X halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Dünýäniň dürli ýurtlaryndan bu Halkara sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahatyna gatnaşmak üçin gözel Diýarymyza, myhmansöýer türkmen topragyna gelen gadyrly myhmanlara «Hoş geldiňiz!» diýip ýüzlenýärin.

Her bir halkyň ykdysady ösüşleri, ylymda, bilimde, medeniýetde gazanan üstünlikleri bilen onuň dünýä jemgyýetçiliginde tutýan orny kesgitlenýär. Şeýle ösüşlere ýetmekde kitabyň orny uludyr. Ähli ösüşleriň, ylmyň gazananlarynyň gözbaşy adam paýhasynyň şamçyragy bolan kitapdan başlanýar. Kitap ynsanyň köňül nagşydyr, ol durmuşy açyp görkezýän ajaýyp aýnadyr. Özünde ähli durmuş gymmatlyklaryny jemleýän kitap halkyň ruhy baýlygy, aň hazynasydyr. Müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetine uly goşant goşan türkmen halky şanly taryhy, ynsanperwer gatnaşyklary, ylymda, bilimde, medeniýetde gazanan ösüşleri bilen meşhurlyk gazandy. Halkymyzyň kitaba hemişe aýratyn sarpa goýandygyna, has irki döwürlerde hem neşir işleri bilen meşgullanandygyna biz taryhy çeşmeleriň üsti bilen göz ýetirýäris.

Hormatly adamlar!

Häzirki döwürde neşirýat-çaphana ulgamy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ulgamy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Biz döwlet tarapyndan bu ulgama köp möçberde maýa goýumlaryny gönükdirip, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, dünýäniň ösen döwletleriniň häzirki zaman enjamlaryny satyn almaga we olardan oňat baş çykarýan milli hünärmenleri taýýarlamaga, dürli usullar bilen döredijilik işgärlerini höweslendirmäge aýratyn üns berýäris. Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda ulanylmaga berlen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat öýi toplumy hem bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Bu toplumda ulgamyň işgärleri üçin işlemäge, döretmäge we dynç almaga ähli amatly şertler döredildi. Bu toplumyň işgärleri indi çeper eserleri, okuw kitaplaryny, gazet-žurnallary we beýleki neşir önümlerini öz wagtynda we ýokary hilli çap etmek bilen, mähriban halkymyzyň, aýratyn hem ösüp gelýän ýaş nesliň ruhy-ahlak taýdan mynasyp terbiýe, dünýä derejesinde bilim almagyna, halkymyzyň şöhratly zähmeti netijesinde gazanylýan üstünlikleriň wasp edilmegine, şeýle hem ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Neşirýat-çaphana ulgamy üçin milli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, biz şu ýyl Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebini hem döretdik.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adamlaryň ruhy taýdan kämilleşmegine, jemgyýetiň, döwletiň ösmegine, ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýän kitaplary we beýleki neşir önümlerini taýýarlamak hem-de çap etmek bilen iş salyşýan neşirýat-çaphana ulgamynyň işgärleriniň öňünde möhüm wezipeler durýar. Olar ýurdumyzyň ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, döredijilik adamlary bilen ysnyşykly işleşip, çeper bezelen we ýokary hilli, çuň many-mazmunly ajaýyp eserleri we beýleki neşir önümlerini çap edip, halkymyzyň isleglerini doly kanagatlandyrmalydyrlar. Syýasatda, ykdysadyýetde we medeniýetde bolup geçýän täzelikleri, dünýä habarlaryny halk köpçüligine takyk we öz wagtynda ýetirmegi başarmalydyrlar.

Hormatly neşirýatçylar, çaphana ulgamynyň işgärleri, çeper söz ussatlary!

Gadyrly myhmanlar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kuwwatly neşirýat ulgamynyň kemala getirilmeginde, neşir edilýän önümleriň sünnälenip, sungat derejesine ýetilmeginde bu ulgamyň işgärleriniň hyzmaty örän uludyr. Bu ugurda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerine esaslanýar. «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň X halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty hem milli neşir önümlerimiziň aýratynlyklaryny dünýä ýaýmaga, daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmaga ýardam eder, geljekde neşir önümleriniň has-da ýokary hilli çykarylmagyna itergi berer. Dünýäniň çar künjünden gelen myhmanlary ýurdumyzda çap edilýän kitaplar, ýazyjy-şahyrlarymyzyň çeper döredijiligi bilen giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik berer.

Gadyrly halkara sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar!

Sizi «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň X halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru