Geçen dynç günleri köp ugurly “Aşgabat” sport toplumynyň meýdançalarynda tennis boýunça “Ashgabat-cup” halkara ýaryşy tamamlandy we sportuň şu görnüşi boýunça 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda ITF-niň dördünji toparynyň bäsleşikleri badalga aldy diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Tennis boýunça “Ashgabat-cup” 5-nji halkara ýaryşynyň bäsleşikleri 19-njy sentýabrda geçirilip, olara Russiýadan, Türkiýeden, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan türgenleriň 80-den gowragy gatnaşdylar. Ýetginjekleriň arasynda finalda geçirilen bäsleşikde Özbegistandan Azizhon Turgunow we russiýaly Sergeý Pogosýan duşuşdylar. Çekeleşikli bäsleşigiň barşynda ýaş özbek tennisçisi ýeňiş gazandy (6:3, 3:6, 6:2).
Ýene-de bir medaly—kümüş medalyny A. Turgunow jübütleýin toparda gazandy. Bu ýaryşlaryň finalynda ol öz ildeşi Amal Sultanbekow bilen gazak-özbek jübüt toparyndan (Pawel Petrow we Şarobiddin Abzalow) 6:2, 6:4 hasabynda ýeňildi.
Gyzlaryň arasynda aýgytlaýjy bäsleşikde russiýaly tennisçiler Mariýa Manilowa we Darýa Solowýewa duşuşdylar. Şonda duşuşyklaryň ikisinde M.Manilowa 6:2, 6:4 hasabynda ýeňiş gazandy. D. Solowýewa jübütleýin bäsleşiklerde özbek türgeni Sabina Smirnowa bilen bilelikde russiýaly jübütler M. Manilowadan we A. Ýurçenkodan 3:6, 6:4 (10:8) hasabynda üstün çykyp, altyn medal gazandylar.
“Aşgabat” sport toplumynyň meýdançalarynda tennis boýunça halkara bäsleşikleriniň ýene-de biri badalga aldy. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýetginjekleriň 100-e golaýy gatnaşýar. 19-njy we 20-nji sentýabrda saýlama ýaryşlary geçirilip, olar medallar ugrunda bäsleşigi dowam etjek oglanlaryň we gyzlaryň toparlarynda tennisçileriň 32-sini kesgitledi. Ýeňijiler we medal eýeleri 27-nji sentýabrda kesgitlener.