Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda bäşinji synpdan hytaý we ýapon dilleri öwredilip başlanar

09:4620.09.2015
0
8627

Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk ugrunyň geriminiň işjeň giňeldilýändigini nazara almak bilen, daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça öňde duran wezipeleriň möhüm ähmiýete eýe bolýar. 18-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, wise-premýere daşary ýurt dilleri, hususan-da, hytaý we ýapon dilleri boýunça berilýän sapaklary artdyrmagyň, özi-de diňe bir dil öwrenýän institutlarda, bölümlerde däl, eýsem tehniki, ykdysady we beýleki ugry bolan ýokary okuw mekdeplerinde-de  işjeň öwretmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem mekdepleriň  5-nji synpdan başlap hytaý we ýapon dillerini öwretmek, ony okatmagyň usulyny kämilleşdirmek boýunça anyk görkezmeler berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň