“Altyn asyr” altyn medala tarap ýene bir ädim ätdi

0
1068
0
0

Türkmenistanyň futbol meýdanlarynda ýurduň çempionatynyň ýokary ligasynda 24-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.

Tapgyr paýtagtda geçirilen iki duşuşyk bilen açyldy. “Aşgabat” stadionynda geçen ýylyň wise-çempiony “Ahal” AFK-nyň prezidentiniň Kubogynyň eýesi HTTU-ny kabul etdi. Garşydaşlar häzirki möwsümde eýýäm iki gezek duşuşypdylar. Birinji aýlawda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbolçylary myhmançylykda 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdylar. Ikinji aýlawda bolsa “Ahal” üstün çykypdy — 3:2.

Bu toparlaryň üçünji duşuşygy çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Eýýäm 5-nji minutda “Ahalyň” iň netijeli oýunçysy Altymyrat Annadurdyýew hasaby açdy. Bu onuň häzirki çempionatdaky 17-nji goludyr. Birinji ýarymyň ortasynda Wezirgeldi Ylýasow jerime çyzygyndan dürs urgy bilen pökgini derwezeçiden sag gapdala gönükdirip, hasaby deňledi we toparlar 1:1 hasabynda arakesmä çykdylar. 62-nji minutda Begenç Seýitmämmedow HTTU toparyny öňe çykardy — 2:1. Emma  goşmaça wagtda myhmanlaryň derwezeçisi Nurgeldi Astanow ýalňyşlyk goýberdi we Mihail Titow “Ahaly” ýeňlişden halas etdi — 2:2.

Beýleki duşuşykda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň stadionynda milli çempionata ilkinji gezek gatnaşýan “Hazyna” “Daşogzy” ynamly ýeňdi — 3:0. Hasaby 13-nji minutda Azat Tagandurdyýew açdy. Onuň ýerine ýetiren jerime urgusyndan soň pökgi ýere degip, soňra derwezä girdi. 50-nji minutda Didar Durdyýew ezberlik bilen iki goragçyny aldap, pökgini Gurban Annaýewe geçirdi. Ol bolsa ony derwezä gönükdirdi. Duşuşyk tamamlanyp barýarka “Daşogzuň” derwezeçisi Yhlas Allabergenow öz jerime meýdançasynda Didar Durdyýewe garşy düzgüni bozdy. 11 metrlik jerime urgusyny ejir çeken oýunçynyň özi ýerine ýetirdi.

24-nji tapgyr şol günüň ertesi Aşgabat, Mary we Türkmenbaşy şäherlerinde geçirilen üç duşuşyk bilen tamamlandy. Paýtagtyň “Aşgabat” stadionynda ýurduň häzirki çempiony “Altyn asyr” 2013-nji ýylda AFK-nyň prezidentiniň Kubogynda ýeňiş gazanan “Balkany” kabul etdi. Çempionatda iň ýokary baýraklar ugrunda göreşýän toparlaryň duşuşygyna bary-ýogy 150 tomaşaçy ýygnandy.

“Altyn asyryň” futbolçylary garşydaşyň derwezesiniň öňünde has köp howply pursat döredip, duşuşygy öz ellerinde sakladylar. “Balkan” bolsa tutuş oýnuň dowamynda bary-ýogy iki gezek hasaby açmaga ýakyn geldi. Birinji ýarymda derwezeçi Mämmet Orazmuhammedow  Aleksandr Boliýanyň 9 metrden uran urgusyny yzyna gaýtardy. Ikinji ýarymda bolsa çempionatyň iň netijeli oýunçysy Myrat Ýagşyýew urgusy sütüniň gapdalyndan geçdi.

53-nji minutda, heniz hasap 0:0 wagty balkanlylardan Ýagmyrmyrat Annamyradow ikinji sary duýduryş petegini alyp, meýdançany terk etdi. Uzak wagt geçmänkä Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri ýeňiş pökgüsini geçirdiler. 66-njy minutda ýer eýeleri çep gapdalky burçdan pökgini oýna girizdiler. Serdar Annaorazow topy garşydaşyň jerime meýdançasyna geçirmek islän hem bolsa, pökgi onuň aýagyndan sypyp, Alikper Kerimowyň goraýan derwezesine girip gitdi.

Bu ýeňişden soň “Altyn asyr” özüniň esasy bäsdeşi “Ahaldan” 14 utuk, üçünji orunda barýan “Balkandan” bolsa 15 utuk arany açdy.

Dördünji orunda barýan “Şagadam” hem öz meýdanynda “Merw” bilen deň (1:1) oýnap, utuk ýitirdi. 6-njy minutda Arslan Ýusupowyň urgysyndan soň myhmanlar hasaby açdylar. Duşuşygyň tamamlanmagyna 18 minut galanda, milli ýygyndynyň öňki hüjümçisi Gahrymanberdi Çoňkaýewiň goly bilen ýer eýeleri hasaby deňlemegi başardylar.

Maryda bolsa “Energetik” bilen “Aşgabat” duşuşyp, oýunda hasap açylmady — 0:0. Pökgi geçirilmändigine garamazdan, oýun gyzgalaňly ýagdaýda geçdi we toparlar iki duşuşyga ýeterlik boljak köp sanly howply pursatlary döretdiler. Üstünlige “Aşgabadyň” futbolçylary has ýakyndylar. Emma derwezeçi Farhad Bazarow “Energetigi” gutulgysyz gollaryň ikisinden halas etdi. Üçünji pursatda bolsa Ruslan Gurbanow Mekan Çaryýew tarapyndan Merdan Gurbanowa garşy oýnuň düzgüniniň bozulandygy üçin bellenilen 11 metrlik urgyny dürs ýerine ýetirip bilmedi. 11 metrlik bellikden urlan pökgi derwezäniň üstünden geçdi.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 25-nji tapgyry 22-nji sentýabrda “Merw” — “Hazyna”, “Aşgabat” — “Altyn asyr” we “Daşoguz” —“Energetik” duşuşyklary bilen başlanar.

 

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

"Ahal" – HTTU – 2:2 (1:1)

15-nji sentýabr. Aşgabat. "Aşgabat" stadion. 450 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Altymyrat Annadurdyýew 5, Mihail Titow 90+3 – Wezirgeldi Ylýasow 21, Begenç Seýitmämmedow 62.

Duýduryş alanlar: Altymyrat Annadurdyýew 48, Süleýman Orazow 56 – Wezirgeldi Ylýasow 47, Furkat Tursunow 48, Orazberdi Myradow 90+4.

Oýundan çykarylan: Orazberdi Myradow (HTTU) 90+7 (2 sary petek).

Emin: Babanazar Haknazarow.

Duşuşygyň inspektory: Eldar Ramazanow.

 

"Hazyna" – "Daşoguz" – 3:0 (1:0)

15-nji sentýabr. Aşgabat. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň stadiony. 100 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Azat Tagandurdyýew 13, Gurban Annaýew 50, Didar Durdyýew 90+1 (11 metrlik urgudan). 

Duýduryş alanlar: Didar Durdyýew 80 – Ali Akber 58, Hudaýguly Satdyýew 62, Yhlas Allabergenow 90.

Emin: Jumamyrat Jumamyradow.

Duşuşygyň inspektory: Batyr Orazsähedow.

 

"Energetik" – "Aşgabat" – 0:0

16-njy sentýabr. Mary. "Sport toplumy". 1 000 tomaşaçy.

Geçirilmedik 11 metrlik urgy: Ruslan Gurbanow ("Aşgabat") 35.

Duýduryş alanlar: Pirmyrat Gazakow 90 ("Aşgabat").

Emin: Alibek Sapaýew.

Duşuşygyň inspektory: Rubik Danelýan.

 

"Altyn asyr" – "Balkan" – 1:0 (0:0)

16-njy sentýabr. Aşgabat. "Aşgabat" stadiony. 150 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Serdar Annaorazow 66.

Duýduryş alanlar: Batyr Atamämmedow 30, Ýagmyrmyrat Annamyradow 35, Daýanç Orazgulyýew 86 (hemmesi– "Balkan").

Oýundan çykarylan: Ýagmyrmyrat Annamyradow ("Balkan") 53 (2 sary petek).

Emin: Jumamyrat Jumamyradow.

Duşuşygyň inspektory: Konstantin Grigorýans.

 

"Şagadam" – "Merw" – 1:1 (0:1)

16-njy sentýabr. Türkmenbaşy. "Şagadam" stadiony. 250 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Gahrymanberdi Çoňkaýew 72 – Arslan Ýusubow 6. 

Duýduryş alanlar: Ata Geldiýew 37 – Amangeldi Saparow 15, Merdan Saparow 37, Arslan Ýusubow 39.

Emin: Ruslan Ereşow.

Duşuşygyň inspektory: Mels Işmuhammedow.

 

22-nji sentýabrdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi

Iň köp pökgi geçiren oýunçylar:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 22 (2 – 11 metrlik urgudan).

Süleýman Muhadow ("Altyn asyr") – 20 gol.

Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal") – 17.

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 15 (6).

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru