Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşi ýoly” atly neşir önümleriniň X halkara sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçiriler

11:2619.09.2015
0
3103

21-23-nji sentýabrda Aşgabatda “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşi ýoly” atly neşir önümleriniň X halkara sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçiriler.

Halkara kitap sergi-ýarmarkasyna dünýäniň onlarça döwletiniň  wekilleri, şol sanda neşir önümlerini öndürijiler, degişli ugur boýunça ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, mugallymlary, ýazyjylar we şahyrlar gatnaşar. Forumyň barşynda halkara ylmy maslahatyny, türkmen şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen döredijilik duşuşyklaryny, guramak göz öňünde tutulýar.

“Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly X halkara kitap sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahata bagyşlanan Türkmen döwletiniň Baştutanynyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly işiniň koreý dilinde neşir edilen 3-nji jiltiniň hem-de türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň we ösüşiň syýasaty”    atly kitabyň, Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen çeper eserleriň we çagalar üçin kitaplaryň tanyşdyryş çäresi guralar.

Mundan başga-da, bu çärä “Bagtyýar nesilleriň nurana dünýäsi” ady bilen Çagalar edebiýatynyň hepdeligi gabatlanyldy. Onuň barşynda ýurdumyzyň mekdeplerinde, kitaphanalarynda, seýilgählerinde çeper okaýyşlar, edebi-sazly çykyşlar, surat bäsleşikleri, çagalar şahyrlary we ýazyjylary bilen halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylaryň duşuşyklary guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň