Arhiw

Çilimkeşlik ýaly ýaramaz endiklere garşy göreş çärelerini güýçlendirmek boýunça işler alnyp barylýar

10:4819.09.2015
1
14385

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen ýurdumyzyň çäklerine getirilýän temmäki önümlerini goşmaça töleg nyşanlary bilen belgilemek göz öňünde tutulýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanda çilimkeşlik ýaly ýaramaz endiklere garşy göreşi güýçlendirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ykrar etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitine gatnaşyjy döwlet bolmak bilen, bütindünýä-saglygy goraýyş guramasynyň çäklerinde ösüşiň umumydünýä ýagdaýyna oňyn täsir etmek babatda köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda tagalla edýär. 2011-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny tassyklady.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit býurosy bilen bilelikde “Saglyk-2020” syýasatynyň çäklerinde “2012-2016-njy ýyllarda temmäkä garşy göreş boýunça hereketiň Milli meýilnamasyny” işläp taýýarlady, ol häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň “Raýatlaryň  saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanyndan goramak hakyndaky” kanun kabul edildi. 2013-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa ministrler maslahatynyň barşynda “Saglyk-2020” syýasatynyň kadalarynyň çäklerinde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Ol Ýewropa ýurtlary tarapyndan uly goldawa eýe boldy.

Halkara tejribesine hem-de Aşgabat Jarnamasynyň kadalaryna we   Türkmenistanyň Salgyt kodeksinde tassyklanan  talaplaryna laýyklykda, Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän temmäki önümlerini we alkogolly içgileri,  ýurdumyzda öndürilýän alkogolly içgileri goşmaça töleg nyşanlary bilen belgilemek boýunça degişli işler geçirildi.  Mundan başga-da, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde şu  önümler üçin alnyp barylmaly işleri ýerine ýetirmegiň Tertibi taýýarlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň