Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisi ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça uly işleri alyp barýar

10:1319.09.2015
0
2390

Türkmenistanyň Mejlisi ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça uly işleri alyp barýar. Türkmen döwletini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge, onuň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga, ileri tutulýan ulgamlary ösdürmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge ýardam etjek birnäçe kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanylýar.     

Häzirki wagtda arbitraž kazyýetiniň işine, derman önümçiligine, atçylyga we atly sport ýaryşlaryna, kosmos işine we beýleki ugurlara degişli Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalarynyň we beýlekileriň üstünde işlenilýär. Bu kanunlar türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň häzirki ösüşi, kanunçykaryjylyk babatda dünýä tejribesi hem-de halkara kadalary nazara alnyp  taýýarlanylýar.

Deputatlar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň, tutuş jemgyýetiň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ýerlerde düşündiriş we wagyz etmek boýunça işleri alyp barýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň  rejelenen görnüşindäki taslamasyny halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlemek üçin degişli işler amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň