Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti BMG-niň 70-nji ýubileý mejlisiniň işine gatnaşar

09:4819.09.2015
0
2367

24-27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň 70-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary bolar.

Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý sessiýasynyň çäklerinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş boýunça meselelere bagyşlanylan Sammit geçiriler. Oňa Türkmen Lideri gatnaşar. Garaşylyşy ýaly döwlet Baştutany öz çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlary öňe sürer.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary we birnäçe daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň