Soňky habarlar

Arhiw

Lebapda täze beket işe girizildi

02:1319.09.2015
0
2150

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garahowuz geňeşliginiň çäginde, Kerkiçi ― Köýtendag ― Magdanly gara ýolunyň ugrunda awtoulaglara ýangyç guýýan täze beket ulanylmaga berildi.

Täze bekedi ýokary hil derejesinde, bellenilen möhletinde guran «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Lebap welaýat bölüminiň işgärlerine hoşallyk sözleri aýdyldy we tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara  Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Bu desga bir gije-gündiziň dowamynda dürli kysymly awtoulaglaryň 750-sine ýokary hilli ýangyçlary bökdençsiz guýmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde tehnikalara hyzmat etmek üçin ýörite nokatlar hem bar. Täze ýangyç guýýan beketde senagat taýdan ösen daşary ýurtlaryň takyk we ygtybarly işleýän enjamlary oturdylyp, olar kämil kompýuter ulgamynyň üsti bilen dolandyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň