Mary welaýatynda “Ýaňlan, Diýarym!” – 2015 bäsleşigi geçirildi

0
194
3
0

17-nji sentýabrda Mary welaýat kitaphanasynyň öňündäki dabaralar meýdançasynda “Ýaňlan, Diýarym!” – 2015  bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. 

Bäsleşige şäher we etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan aýdymçy ýaşlaryň 10-sy gatnaşdylar. Ýurtda ýaş zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşigiň şertine görä, oňa gatnaşyjylaryň hersi iki aýdymy ýerine ýetirdiler.

Eminler topary ýaş zehinleriň ýerine ýetirijilik ussatlygyna, sahna medeniýetine, aýdymlaryň döwrebaplygyna, milliligine, çeperçiligine, owaz – heň aýratynlyklaryna baha berdiler. 

Olaryň biragyzdan gelen netijesine görä, Çary Berdiýew  we   Kakageldi Gylyjow  bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru