Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U-16) Aziýa çempionaty — 2016-nyň saýlama ýaryşynda ilkinji duşuşygyny geçirdi

15:0418.09.2015
0
9627

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň  futbolçylary (16 ýaşa çenli) Dohada başlanan Aziýa çempionaty — 2016-nyň saýlama ýaryşynyň (“C” toparça) ilkinji duşuşygynda katarly deň-duşlaryndan 5:0 hasabynda ýeňildiler.

Bu toparlardan başga-da, “C” toparçasynda ýaryşyň final bölegine çykmak üçin Yragyň we Täjigistanyň toparlary güýç synanyşýar. Bu ýygyndylaryň arasyndaky duşuşyk 3:1 hasabynda yraklylaryň peýdasyna tamamlandy.

Türkmen futbolçylary indiki duşuşygyny täjigistanly deň-duşlaryna garşy geçirerler. Ýaryşy bolsa 20-nji sentýabrda Yragyň ýygyndysyna garşy duşuşyk bilen jemlärler.

Aziýa çempionatynyň (u-16) final bölegi 2016-njy ýylda Hindistanda geçiriler. 11 saýlama toparçanyň hersiniň ýeňijisi we ikinji orunlary eýelän toparlaryň iň gowy netije görkezenleriniň 4-si oňa gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

Aziýa çempionaty — 2016 (U-16). Saýlama tapgyr. "С" toparça.

16-njy sentýabr. Doha. "Aspire Dome Indoor" stadiony. 200 tomaşaçy. 20 gradus С.

Katar – Türkmenistan – 5:0 (2:0)

Pökgüleri geçirenler: Ahmed Alganehi, 10 (1:0). Mohammad Bahramen, 40 (2:0). Hişam Ali, 60 (3:0), Saleh Said, 83 (4:0). Hişam Ali, 90+4 (5:0).

Katar: Şehab Mamduh, Mohamed Isam, Mohamed Halid, Adam Hamdi, Saleh Said (k), Haled Mohamed, Mohammad Bahramen (Nasser AlEnazi, 75), Ahmed Alganehi, Mohammed Hairi (Nasser Alýazidi, 66), Hişam Ali, Sakor Al-Hitmi.

Baş tälimçi: Jyri Petteri.

Türkmenistan: Batyr Gaýlyýew, Agajan Jumaýew, Kerim Garabekow, Roman Galkin (Aýmyrat Hallyýew, 55), Mirza Beknazarow, Seýran Berdinazarow, Röwşen Baýlyýew, Ahmet Gurbanow (Kerwen Daýhanow, 74), Umyt Nazarow (Meýlis Diniýew, 51), Atamyrat Ramazanow (k), Omar Nazargulyýew.

Baş tälimçi: Batyr Şyhyýew.

Duýduryş alanlar:  Şehab Mamduh 90 – Umyt Nazarow 31.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Ahmed Alganehi (Katar).

Baş emin: Hidaýat Ullah (Pakistan).

Kömekçi eminler: Taufik Ibrahim (Maldiw), Halaf Al-Şamamri (Saud Arabystany).

Ätiýaçdaky emin: Marai Mohammed Alawaji (Saud Arabystany).

Duşuşygyň komissary: Махеш Биста (Непал).

Aziýa çempionaty — 2016 (U-16). Saýlama tapgyr. "С" toparça.

16-njy sentýabr. Doha. "Aspire Dome Indoor" stadiony. 100 tomaşaçy. 22 gradus С.

Täjigistan – Yrak – 1:3 (1:2)

Pökgüleri geçirenler: Faridun Nematow, 39 (1:0). Mohammed Ridha Jalil Mezher Al-Elaýawi, 45 (1:1). Muntadher Abdulsada, 45+2 (1:2). Alaa Adnan Jabbar, 68 (1:3).

Duýduryş alanlar: Daler Ýodgorow 5, Sultonjon Mirzoýew 10, Wahdat Hanonow 18, Manuçer Safarow 49 – Ali Ahmed Radha 29, Saleh Mahdi Saleh 41, Habib Mohammed Halaf Ahele 76.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Saif halid Şaýaýl (Yrak).

Baş emin: Niwon Robeş Gamini (Şri-Lanka).

Kömekçi eminler: Wellabada Newage Don Sanjiwa Premalal (Şri-Lanka), Sapam Kennedi (Hindistan).

Ätiýaçdaky emin: Rowan Arumugan (Hindistan).

Duşuşygyň komissary: Adrian Çan (Singapur).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň