Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, öňdengörüjilikli syýasatyna Owganystanda ýokary baha berilip, dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýulýar

08:4818.09.2015
0
3069

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň dag magdanlary we nebit ministri jenap Daudşah Sabanyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýetini kabul etdi.

Myhmanlar mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň hem-de OYR-niň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany Abdulla Abdullanyň salamyny we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Sebitde durnuklylygy berkitmegiň hem-de ösüşiň möhüm şerti bolup çykyş edýän Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, öňdengörüjilikli syýasatyna Owganystanda ýokary baha berilýändigi, iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýulýandygy nygtaldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Owganystanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salam aýdyp, türkmen döwletiniň duldegşir goňşy ýurt bilen oňyn gatnaşyklary ösdürmäge, oňa mundan beýläk hem ykdysady we medeni ösüşde hemmetaraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny tassyklady. Milletiň Lideri  Türkmenistanyň goňşy ýurtlar, şol sanda Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy. Türkmen we owgan halklaryny mizemez dostluk gatnaşyklary hem-de köp asyrlyk  taryhy-medeni umumylyk baglanyşdyrýar.

Döwlet Baştutany häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynyň hil taýdan täze tapgyra eýe bolýandygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, awgust aýynda ýokary derejede geçirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtady. Şol gepleşikleriň barşynda iki ýurduň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda özara gatnaşyklarynyň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyklaryň täze tapgyry bolsa netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, bilelikdäki iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystana bolan resmi saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler özara gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesi hem gozgaldy. Bu taslama oňa gatnaşýan ýurtlaryň her biriniň halklaryna hem-de tutuş sebite abadançylyk getirer, parahatçylygy, uzakmöhletleýin durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmäge ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga degişli başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtadylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz üstaşyr geçirilmeginiň ygtybarly guralyny döretmegiň türkmen döwletiniň energetika strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady. Owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalary , şol sanda energetika we ulag pudaklary ýaly möhüm ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, şu taslamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly esasy meseleleriň çözülendigini kanagatlanmak bilen belledi. Munuň özi  Owganystany ykdysady we durmuş taýdan dikeltmek, onuň sebit hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagyny gazanmak üçin möhüm şert bolup durýar.

Ulag geçelgelerini döretmek, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek hem sebit möçberinde örän bähbitli hasaplanylýar. Şol demir ýoluň işe girizilmegi bilen  bu ugur Aziýa sebitinde döwrebap köp şahaly ulag-aragatnaşyk düzümini döretmegiň möhüm bölegine öwrüler. Durmuşa geçirilýän taslamalaryň hatarynda iri elektroenergetika düzüminiň gurluşygy hem bar.

Döwlet Baştutany türkmen-owgan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde gazanylan üstünlikleri kanagatlanmak bilen belläp, ony mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Bu babatda Hökümetara türkmen-owgan toparyna möhüm orun degişlidir, munuň işi oňat netijeleri berýär.

Duşuşygyň barşynda iki döwletiň işewür düzümleriniň özara gatnaşyklary üçin ykdysady, maliýe we beýleki ulgamlarda amatly şertleri döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň gyzyklanma bildirýän guramalarynyň hem-de kompaniýalarynyň arasynda oba hojalygy we maldarçylyk, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak we daşky gurşawy goramak ulgamlarynda, şeýle hem beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy höweslendirmek meselesine hem garaldy.  

Duşuşygyň ahyrynda türkmen Lideri we Owganystan Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary türkmen-owgan gatnaşyklarynyň dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň iň gowy däplerine, taraplaryň hoşniýetli erk-islegine daýanyp,  mundan beýläk-de berkidiljekdigine we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň