Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň düzümine girdi

03:1817.09.2015
0
3132

Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherinde geçirilýän Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş konferensiýasynyň 59-njy mejlisinde bu guramanyň agzalary biragyzdan Türkmenistanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň düzümine kabul edilmegini tassykladylar.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň agzalary bolan döwletleriň wekilleri Türkmenistanyň dünýä ýüzünde, hususan-da, Merkezi Aziýa sebitinde ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk ýörelgeleriniň tarapdarydygyna ýokary baha berdiler hem-de biziň ýurdumyzyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge uly goşandynyň bardygyny bellediler. Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentligine agza bolmagy bilen baglylykda öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmäge, Birleşen Milletler Guramasynyň Teswirnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda hereket etmäge taýýardygy mälim edildi.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş konferensiýasynyň Türkmenistany düzümine kabul etmegiň tassyklanylmagynyň, ýurdumyz üçin şanly senä — hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň 20 ýyllygyna gabat gelmeginiň simwoliki manysy bardyr. Bu ýyllarda Türkmenistan diňe bir sebitde däl-de, dünýä ýüzünde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň täsirli guraly boldy.

Ştab-kwartirasy Wenada ýerleşýän Atom energiýasy boýunça halkara agentligi 1957-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň düzüminde garaşsyz, hökümetara gurama hökmünde döredildi. Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň işiniň maksady atom energiýasyny parahatçylykly maksatlarda ulanmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň