Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasy tamamlandy

03:1417.09.2015
0
3590

16-njy sentýabrda Aşgabatda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji  Baş Assambleýasy öz işini tamamlady. Onuň barşynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň işiniň  jemleýji gününde Halkara Olimpiýa Komitetiniň wekilleriniň, halkara federasiýalaryň, geçen  we indi boljak Aziýa oýunlarynyň  guramaçylyk komitetleriniň prezidentleriniň, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Daýanç Gulgeldiýewiň  hasabatlary diňlenildi. Ol öňde boljak  Oýunlara taýýarlygyň çäklerinde entek köp işleriň bitirilmelidigini belledi. Ýöne Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda toplanylan tejribeleri nazara almak bilen, taýýarlyk işleriniň  mundan beýläk has-da netijeli boljakdygyna ynam bildirdi we sport muşdaklarynyň ýüz millionlarçasy üçin Aziada—2017-niň ägirt uly sport forumyna öwrülmek bilen, ýatdan çykmajak wakalara beslenjekdigini aýtdy.

Şeýle hem şu gün 2022-nji ýylda ХХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýurduny seçip almak çäresi boldy. Nusgawy Aziýa oýunlary Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriler.

Aziýanyň olimpiýa geňeşiniň Baş assambleýasynyň mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça forumyň wekiliýetleriniň toparlary üçin Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyna,  Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebine, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumyna, Olimpiýa şäherjigine we beýleki sport desgalaryna tanyşdyrylyş gezelençleri guraldy.

Mejlisiň jemleri boýunça Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň wekiliýetleri Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginde gurlan we bina edilýän sport desgalarynyň ýokary halkara talaplaryna doly laýyk gelýändigini biragyzdan bellediler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň