Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabady ösdürmegiň tapgyrlarynda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy

03:0917.09.2015
0
4734

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarly Aşgabat şäherinde gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň barşynda dürli maksatly binalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Gurulýan desgalaryň hatarynda ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň buýurmalary esasynda ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary, häzirki zaman multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, saglyk öýleri, dükanlar we durmuş hyzmaty ulgamlary bar.

Şeýle hem Türkmneistanyň Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedow  paýtagtymyzyň işewürlik merkeziniň kemala gelýän ýerinde döwrebap binalar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän beýleki desgalaryň ýerleşiş aýratynlyklary, bu künjekde döredilýän tokaý zolaklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda-da bagy-bossanlygyň döredilmeginiň, şäheriň ekologiýa derejesiniň kada laýyk saklanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem paýtagtymyzyň bu künjeginde köp sanly sport desgalary guruldy. Türkmenistanyň Prezidenti olaryň netijeli ulanylmagynyň we göwnejaý saklanylmagynyň möhümdigini nygtap,  bu ugurda degişli çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini tabşyrdy.

Türkmneistanyň Prezidentiniň dikuçary paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji tapgyrynda gurulýan dürli maksatly binalaryň ýokarsyndan öwrüm etdi. Aşgabat şäherini ösdürmegiň bu tapgyrynda bina edilýän desgalara ýurdumyzyň telekeçileriniň işjeň gatnaşýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz guşuçar belentlikden paýtagtymyzyň günorta-gündogar künjeginde alnyp barylýan işler, hususan-da, Parahat—7 ýaşaýyş toplumyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, olaryň  amatlylyk derejesi bilen gyzyklandy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň gerimi, bu künjegiň köçelerini abadanlaşdyrmak işleriniň barşy  bilen gyzyklandy.

Soňra hormatly Prezidentimiz dikuçarda Köşi we Gurtly ýaşaýyş toplumlarynda alnyp barylýan işler,  täze gurulýan binalar, olaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň käbir etraplarynda Aziada—2017-ä taýýarlyk görmek boýunça işlenip düzülen meýilnamanyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň haýal alnyp barylýandygyny aýdyp, wise-premýerden bu işleriň depginini güýçlendirmegi talap etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz guşuçar belentlikden “Täze zaman” obasynda alnyp barylýan işleriň  depginleri bilen gyzyklandy. Bu ýerde Aşgabat şäheriniň ilatyna niýetlenen  iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny synlady. Milli Liderimiz olarda ýaşaýyş, oňaýly dynç almak üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini, ýaşaýyş jaýlarynyň mellek ýerlerinde maşgala üçin zerur bolan hojalyk işlerini alyp barmak ugrunda ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň