Hemra tehnologiýasy Türkmenistanyň uzakdaky ilatly nokatlarynda we barmasy kyn ýerlerinde ýokary hilli aragatnaşygy üpjün etmäge mümkinçilik berýär

16:1716.09.2015
0
4735

Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 520E” ilkinji milli emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen aragatnaşyk pudagynyň işinde düýpli öňe gidişlikler peýda boldy. Aragatnaşyk ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze torlar çekilýär, has-da çetdäki ýerlerde ýerleşýän obalara, şäherçelere aragatnaşygyň kämil ulgamyny çekmek işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar.

“Türkmentelekom” elektroaragatnaşyk döwlet kärhanasynyň hem-de “Altyn asyr” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň,  şeýle hem Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäklerinde ýerleşýän obalary aragatnaşygyň hyzmatlary bilen üpjün edýän ýörite telefon beketlerini gurnadylar.

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň çägindäki etrap merkezinden 150 kilometr uzaklykda ýerleşen Kirpili obasynda ýaşaýan hojalyklara täze tehnologiýa esasynda işleýän öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän telefon beketleri gurnaldy. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çägindäki we etrap merkezinden 60 kilometr uzaklykda ýerleşýän Öýleguşluk obasynyň ilatyna aragatnaşyk hyzmatlary berjaý edildi.

Öýjükli beketler ýurdumyzyň “TürkmenÄlem 520E” emeli hemrasynyň üsti bilen dolandyrýar. Munuň özi  VSAT döwrebap tehnologiýasynyň peýdalanylmagy bilen aragatnaşygyň hemra arkaly amala aşyrylmagyny şertlendirýär we aragatnaşygyň ýokary hilini üpjün edýär.

Etrap merkezlerden uzakda ýerleşen ilatly ýerlerde, çöllükde, dagly künjeklerde, deňizde ýerleşýän obalaryň we önümçilik desgalarynyň arasynda ýokary hilli aragatnaşygy üpjün etmek mümkinçiliginiň bolmagy hemra arkaly dolandyrylýan aragatnaşyk tehnologiýalarynyň bu görnüşiniň  esasy aýratynlyklarynyň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň