Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Awiasiýa we howa giňişligini peýdalanmak baradaky halkara geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

09:2716.09.2015
0
2977

15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Awiasiýa we howa giňişligini peýdalanmak baradaky halkara geňeşiniň ýolbaşçysy, Döwletara awiasiýa komitetiniň başlygy Tatýana Anodinany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edenligi üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, milletiň Lideriniň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda ägirt uly üstünlikler gazanan ýurduň döwlet Baştutany bilen duşuşmaga mümkinçilik dörändigine örän şatdygyny belledi. Hanym T.Anodina ulag ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň özünde uly täsir galdyrýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen awiasiýasynyň ösdürilmegine saldamly goşandyny belledi. Awiasiýa we howa giňişligini peýdalanmak baradaky halkara geňeşiniň prezidenti, Döwletara awiasiýa komitetiniň başlygy bu gün Türkmenistanyň awiasiýa babatda dünýäde öňdäki orunlary eýeleýändigini aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ulag ulgamyny kämilleşdirmegiň meselelerine, şol sanda içerki we halkara howa ýollarynda ýolagçy gatnatmakda hem-de ýük daşamakda möhüm ähmiýeti bolan awiasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga hem-de düzümini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýändigini nygtady. Milli Liderimiz Döwletara awiasiýa komitetiniň işine ýokary baha berip, howa gatnawlarynyň netijeliligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012—2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasy” bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu maksatnama laýyklykda türkmen paýtagtynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze howa menzilleri, terminallary, inženerçilik-tehniki maksatly desgalar gurulýar we olaryň bar bolanlarynyň durky täzelenilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, uçarlaryň üstüni döwrebap howa gämileri bilen ýetirmek, täze içerki howa ýollaryny hem-de ykdysady bähbitli ugurlar boýunça halkara howa gatnawlaryny açmak meselelerine uly üns berilýär. Bu ugurda geçirilýän ähli işler Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolup durýan Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (IKAO) umumylykda kabul edilen standartlaryna we kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatryklarynda halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça iri maksatnamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Rezolýusiýasynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde Awiasiýa we howa giňişligini peýdalanmak baradaky halkara geňeşiniň ýolbaşçysy, Döwletara awiasiýa komitetiniň başlygy Türkmenistanyň milli awiasiýasyny ösdürmäge aýratyn goşandy üçin hormatly Prezidentimize N.E.Žukowskiý medalyny gowşurdy.

Milletiň Lideri bildirilen uly hormat üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, häzir Türkmenistanyň awiasiýasynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegine we giňeldilmegine, Diýarymyzyň halkara giňişliginde abraýynyň artmagyna aýratyn goşant goşýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutany we myhman birek-birege mähirli arzuwlar aýdyp, özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň geljek-de hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň