Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň dabaraly açylyşy boldy

08:4916.09.2015
0
11101

15-nji sentýabrda türkmen paýtagtynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisiniň açylyş dabarasy we umumy mejlisi boldy.

Türkmen topragynda dünýäniň 80-e golaý ýurdunyň 600-den gowrak wekilini jemlän AOG-niň ýolbaşçy edarasynyň işiniň — 34-nji Baş Assambleýasynyň öňüsyrasynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi geçirildi. 

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutany Olimpiýa şäherjigine gelip, onuň çäginde gurlan Başa-baş söweş sungaty toplumyna bardy. Bu ýere forumyň wekilleri hem-de köp sanly hormatly myhmanlar ýygnandylar. Olaryň hatarynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Milli Olimpiýa komitetleriniň Assosiasiýasynyň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah, Okeaniýa döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetleriniň prezidenti jenap Robin Mitçel hem-de türkmen paýtagtyna gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny mähirli mübärekleýär. Foruma jemi 62 döwletiň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylary wekilçilik edýär.

Baş Assambleýanyň 34-nji mejlisiniň işine Aziýanyň we Okeaniýanyň Milli Olimpiýa komitetlerinden başga-da, sportuň V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna giren görnüşleri — welosport, suwda ýüzmek, guşakly göreş, sport göreşi (erkin we grek-rim), ýeňil atletika, kikboksing, konkur, basketbol, tennis, küşt we beýleki görnüşleri boýunça halkara federasiýalarynyň wekilleri hem gatnaşýar. Foruma gatnaşyjylaryň  hatarynda Halkara Olimpiýa komitetiniň, geçen we öňümizdäki tomusky hem-de gyşky Aziýa oýunlarynyň (Koreýa Respublikasy, Ýaponiýa, Indoneziýa), 2015-nji ýylda geçirilen birinji Ýewropa oýunlarynyň (Azerbaýjan) hem-de 2016-njy ýylda  Braziliýada  geçiriljek XXXI tomusky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetleriniň wekilleri hem bar.

Söhbetdeşligiň barşynda myhmanlar  sport hereketini ösdürmäge uly goşant goşýandygy, Aşgabatda Aziýa oýunlarynyň guralýandygy hem-de bu ýaryşlara köp ýurtlaryň, şol sanda Okeaniýa döwletleriniň wekillerini çekýändigi üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidenti sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň halkara gatnaşyklarynyň beýleki ugurlarynda hem netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň girewi bolup durýandygyny nygtap, ýurdumyzyň 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlaryny mynasyp geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine we bildirilen ynama buýsanýandygyny belledi.

Bu ýerde döwlet Baştutany ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  ýurdumyzyň myhmanlaryna myhmansöýer Türkmenistana «Hoş geldiňiz!» diýip  ýüzlenmek bilen, bu iri halkara çäresiniň ýurdumyzda geçirilýändigi üçin, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän bu möhüm  çäräniň bütin Aziýa sebitinde sporty ösdürmekde ägirt uly ähmiýetiniň bardygyna ynam bildirdi.

Milletiň Lideri Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisiniň 2015-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegine halkara  sport dünýäsinde Garaşsyz, Bitarap döwletimize goýulýan uly hormatdygyny,  ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleriniň bütin dünýäde ykrar edilmeginiň nyşanydygyny nygtady.

Döwlet Baştutany bu çäräniň ýurdumyz bilen, sport ulgamynda gazanan üstünliklerimiz, gözel paýtagtymyz bilen ýakyndan tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döretjekdigini aýdyp, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady we onuň işine uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistan halkara durmuşyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde dünýäde sagdyn durmuş kadalarynyň giňden berjaý edilmegine çalyşýar. Halkara derejesinde bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini wagyz etmäge, onuň hatarlaryna dürli   ýaşdaky adamlary çekmäge aýratyn ähmiýet berýär diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi.

Biziň ýurdumyz hem ikitaraplaýyn, hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdary bolmak bilen, dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýeti bolan meseleleri yzygiderli teklip edýär hem-de olary çözmäge işjeň gatnaşýar. Şu gün geçirilýän Assambleýa hem bu aýdylanlara doly şaýatlyk edýär. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisiniň biziň ýurdumyzda geçirilmegi halkara Olimpiýa hereketine işjeň gatnaşyjy hökmünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana dünýä jemgyýetçiliginiň ynamynyň ýokarydygyny aýdyň görkezýär.

Biziň ýurdumyz 1993-nji ýyldan bäri Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň doly hukukly agzasy bolup durýar. Halkara Olimpiýa Komiteti we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu guramalaryň Olimpiýa hereketini we sporty ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirilen işlerine hemmetaraplaýyn ýardam berip gelýär. Şoňa görä-de, 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Kuweýt döwletinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakyndaky şertnama gol çekildi diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de  bu çäräniň türkmen paýtagtynda Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge uly ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň ýokary ynsanperwer däplerine we gymmatlyklaryna berk eýerýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek berkarar döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Milletiň Lideri «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011—2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanda 2012—2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ussat türgenleri taýýarlamagyň       umumydöwlet maksatnamasyny» mysal getirdi. 

Häzirki döwürde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012—2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», “Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça   2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy”  üstünlikli amala aşyrylýar. Bu maksatnamalarda hem sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şol maksatnamalara laýyklykda,  ýurdumyzda häzirki zaman stadionlary, sport toplumlary we mekdepleri, beýleki köpsanly sport desgalary gurlup, ulanmaga berilýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem sport-sagaldyş toplumly häzirki zaman desgalary, çagalar üçin tomusky dynç alyş-sagaldyş merkezleri yzygiderli gurulýar. Kabul edilen bu maksatnamalaryň ählisi uly möçberde gönükdirilýän döwlet serişdeleriniň hasabyna durmuşa geçirilýär.

Garaşsyz Watanymyzda her ýyl «Türkmenistan — ruhubelentligiň we      sagdynlygyň ýurdy» diýen at bilen mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda sport ýaryşlary guralýar. Her ýylyň aprel aýynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» diýen at bilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çärelerini geçirmek hem indi asylly däbe öwrülýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Bulardan başga-da, Bitarap döwletimizde milli we halkara derejelerinde dürli sport ýaryşlary, beýleki sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýaş sport ussatlarymyz ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň düzüminde abraýly halkara ýaryşlaryna gatnaşýarlar. Bu ýaryşlarda olaryň köpüsi baýrakly   orunlary eýeläp, Garaşsyz Watanymyzyň Döwlet baýdagyny belentde parladýarlar.

Biziň bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen köpsanly      başlangyçlarymyz we taslamalarymyz ýurdumyzyň ilatynyň arasynda giň goldaw tapýar. Şu başlangyçlar we taslamalar halkara derejesinde hem ykrar edilýär. Alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde, ýurdumyzyň ilatynyň arasynda sport bilen işjeň meşgullanýan adamlaryň sany barha artýar. Biz bu ugurda gazanan üstünliklerimize buýsanýarys diýip, milletiň Lideri belledi.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisini  Olimpiýa şäherjiginde geçirýär, ol 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin ýörite gurulýar. Taryhy ähmiýeti  bolan  şu  Assambleýa  bolsa ýene iki ýyldan paýtagtymyzda geçiriljek halkara sport baýramçylygynyň özboluşly başlangyjy hökmünde çuň many-mazmuna we uly ähmiýete eýe bolýar.

Bahasy 5 milliard amerikan dollaryna golaý, meýdany 157 gektara barabar bolan Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynda halkara ölçegleri we talaplary doly göz öňünde tutuldy. Olimpiýa şäherjiginde sport, ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalaryň 30-a golaýy hem-de üpjünçilik ulgamlary bar. Bu özboluşly sport şäherjiginiň gurluşygy üç tapgyrda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde birinji tapgyrda bellenen gurluşyk işleri doly tamamlandy. Ikinji   tapgyrda göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň 95 göterimi, üçünji tapgyrda meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynyň bolsa 40 göterimi ýerine ýetirildi.

Häzir Olimpiýa şäherjiginde gurluşyk işleri ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Ikinji tapgyrda göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşygyny şu ýylyň dekabr aýynda, üçünji tapgyrda göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşygyny bolsa 2017-nji ýylyň mart aýynda doly tamamlap, ulanmaga bermek bellenilýär.

Döwlet Baştutany Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisine gatnaşyjylary bu desgalara baryp görmäge hem-de olar bilen ýakyndan tanyşmaga çagyryp, bu ugurda ähli bellikleriň we teklipleriň doly göz öňünde tutuljakdygyny nygtady.

 Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy bilen bir hatarda, biz 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmek üçin giň möçberli guramaçylyk işlerini hem alyp barýarys diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi hem-de bu ugurda Türkmenistanyň Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini, dürli halkara çärelerini yzygiderli geçirýändigini belledi.

2013-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti döredildi, onuň  eýýäm birnäçe mejlisi hem geçirildi.

Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde 2013-nji ýylyň 29-njy iýuny – 6-njy iýuly aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy Inçhon şäherinden Aşgabat şäherine gowşuryldy. Bu baýdak ýurdumyzyň paýtagtyna uly dabara bilen getirildi. Şol ýylyň dekabr aýynda V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet döredildi.

Bu komitet bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň «CSM Sport & Entertainment LL Ptradingas CSM Strategic»  kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda geçen ýyl V Aziýa oýunlaryny geçirmegiň Baş meýilnamasy işlenip taýýarlandy. Bu Meýilnama Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan doly makullandy.

Geçen ýylyň 28-nji noýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça  V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Okeaniýa döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetleriniň arasynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu resminama laýyklykda, 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine agza bolup durýan Milli Olimpiýa komitetleriniň 45-sinden başga-da, ilkinji gezek Okeaniýa döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetleriniň hem 17-siniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň 21 görnüşi girizildi. Olar sportuň ýeňil atletika, suwda ýüzmek, basketbol, futzal, tennis, welosiped sporty, sport göreşi, küşt, sport tansy, agyr atletika (pauerlifting), kik-boksing, taý boksy, sambo, kuraş, guşakly göreş, jiu-jitsu, taekwondo (WTF), bouling, bilýard, türkmen milli göreşi we konkur (atçylyk sporty) görnüşleri bolup durýar.

V Aziýa oýunlaryny wagyz etmek we mahabatlandyrmak boýunça hem 2013–2015-nji ýyllarda dürli çäreler üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti şol çäreleriň hatarynda halkara sport mediaforumlaryny, «Aşgabat — Aziada—2017-niň paýtagty» atly halkara sport sergisini, «Aziada—2017-niň tagamlary» atly ýörite okuwy, «Aziada—2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny» atly halkara maslahatyny görkezdi. Geçen ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzda Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionaty guraldy. Şeýle hem şu ýylyň fewral aýynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Utgaşdyryjy komitetiniň birinji mejlisi geçirildi.

Garaşsyz Watanymyz sport ulgamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn   hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. Biz dürli derejelerde, aýratyn-da, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen bütin    dünýäde parahatçylygy berkitmegiň we ynsanperwerligiň bähbitlerine hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge hem-de ösdürmäge çalyşýarys diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Soňra milletiň Lideri berkarar Watanymyzda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilendigini belledi.  Şoňa görä-de, biz şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny hemmetaraplaýyn açyp görkezýän ýokary derejedäki halkara maslahatyny geçirmegi göz öňünde tutýarys.

Bu taryhy wakanyň öň ýanynda ýurdumyzda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisiniň geçirilmegi bolsa, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrýar, bütin dünýäde hoşniýetli halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça alyp barýan işlerimize ýardam berýär.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. 

Milletiň Lideri çykyşynyň ahyrynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisinde serediljek meseleleriň we kabul ediljek çözgütleriň sporty mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine, bu ugurda öňde goýlan maksatlara ýetmek hem-de täze üstünlik gazanmak üçin giň mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanynyň çykyşy uly üns berlip diňlenildi hem-de şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti çykyş etmek üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al Sabaha söz berdi.

Aşgabatda öz kärdeşlerim bilen duşuşmak, şeýle şanly waka gatnaşmak hem-de türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda gazanylan üstünlikleriň ählisini öz gözlerim bilen görmek meniň üçin uly hormatdyr diýip, AOG-niň baştutany aýtdy we Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de ýurdumyzyň ähli halkyna myhmansöýerlik we Türkmenistanda Aziýa oýunlaryny guramak boýunça işleriň ruhubelentlik bilen alnyp barylýandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Şeýh Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda beýan edilen Türkmenistanyň garaýyşlaryny doly goldaýandygyny aýdyp, olaryň türkmen jemgyýetiniň we  durmuşynyň ähli ugurlarynda öz aýdyň beýanyny tapandygyny nygtady.

AOG-niň ýolbaşçysy Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň okgunly ösüş babatda, şol sanda sport, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda gazanan haýran galdyryjy netijelerinden ugur alyp, ýurdumyza Aziýa oýunlaryny geçirmegi ynanandyklaryny belläp, bu iri ýaryşlara taýýarlyk görmegiň barşynda ýurdumyzyň örän jogapkärli çemeleşmäni görkezendigini aýtdy we Aşgabadyň V Aziýa oýunlarynyň mynasyp paýtagtydygyny tassyklady. Häzirki wagtda Olimpiýa şäherjiginde gurulýan we gurluşygy tamamlanan desgalaryň ählisi geljekki Oýunlaryň üstünlikli geçjekdigine bizde ynam döredýär.

Esasy zat bolsa, Türkmenistan bu ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegi üçin ýaş işgärleri taýýarlamak babatda ähli zerur şertleri döredýär, çünki munuň özi diňe bir ýaşlaryň däl, eýsem, tutuş jemgyýetiň ösüşine ýardam edýär diýip, Şeýh belledi. Çünki, sport ulgamynda oňat taýýarlyk görmek üçin uly mümkinçiligi bolan ýurt hökmünde Türkmenistanyň beýleki döwletleriň ýaşlaryny hem çekjekdigi Aziadanyň oňat netijesi bolar.

Türkmenistanyň goldawy hem-de myhmansöýerligi netijesinde şu mejlise Okeaniýanyň Milli Olimpiýa komitetleriniň hem gatnaşýandygy bellärliklidir diýip, AOG-niň ýolbaşçysy nygtady we şunuň bilen baglylykda, milletiň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hyzmatdaşlar tarapyndan şeýle ähmiýetli çäräniň — Aziýa  oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah şeýle hem türkmen paýtagtynyň gözelligini, şu foruma gatnaşýan wekilleriň ýaşaýan myhmanhanalarynyň kaşaňlygyny belledi.

AOG-niň Baştutany şeýle hem Prezidenti we Türkmenistanyň ähli halkyny şu ýyl bellenilýän Bitaraplygyň 20 ýyllygy bilen gutlap, sport ulgamyny ösdürmekde, Oýunlara göwnejaý taýýarlyk görmekde döwlet Baştutanymyzyň hyzmatyna  ýokary baha berdi. Bu ýaryşlara ilkinji gezek Aziýanyň we Okeaniýanyň döwletleri bilelikde gatnaşar.

Soňra Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah Milli Olimpiýa komitetleriniň assosiasiýasynyň türkmen döwletiniň Baştutanyna sport hereketini we bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin ýörite sylagy gowşurmak hakyndaky çözgüdini beýan etdi.

Assosiasiýanyň baştutany türkmen Liderine bu hormatly sylagy gowşuryp, ýygnananlaryň adyndan we hut öz adyndan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa forumyň netijeli işlemegi babatda döredilen mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.  

Döwlet Baştutany bildirilen hormat üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýokary sylaga Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana goýulýan hormatyň, halkara sport hereketine ýurdumyzyň  goşan goşandynyň ykrar edilmeginiň,  umumy maksatlara ýetmekde hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň nyşany hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Milletiň Lideri şeýle hem şäherjigiň düzüminde gyşky sport oýunlar toplumy, ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdep, şeýle hem beýleki köpsanly sport desgalary bar diýip belledi. Bu köpugurly taslama geljege gönükdirilendir we uzak ýyllaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça kadaly hereket etmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistan halkara Olimpiýa hereketine işjeň gatnaşyjy döwlet bolmak bilen, sporty parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine    gönükdirmek ugrunda çykyş edýär. Bu bolsa, biziň sebitimizde hem,    beýleki sebitlerde hem bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini giňden wagyz etmegi, onuň hatarlaryna barha köp adamlary çekmegi göz öňünde tutýar.

Biz häzirki zaman sport üpjünçilik ulgamlaryny gurmaga diňe bir ýokary netijeli sporty ösdürmek hökmünde garamak bilen çäklenmeýäris. Bu işlere berk bedenli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, jemgyýetde işjeň we sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak üçin esas hökmünde hem seredýäris. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň ählisi sporty ösdürmek we giňden wagyz etmek bilen özara sazlaşyp gidýär diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Dünýäniň sport hereketine işjeň gatnaşýan biziň ýurtlarymyzy umumy    gymmatlyklar we jogapkärçilik birleşdirýär. Häzirki döwürde bizi halkara bileleşiginiň öňünde durýan meseleleriň hem-de wezipeleriň mazmunyna düşünmek, Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryna ygrarlylyk baglanyşdyrýar. Bu ugurda mundan beýläk-de öňe hereket etmek baradaky biziň garaýyşlarymyz birmeňzeşdir diýip, milletiň Lideri belledi.

Döwlet Baştutany Şeýh Ahmad Al-Fahad Al Sabaha manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Okeaniýa döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetleriniň prezidenti jenap Robin  Mitçele söz berdi.

Myhman Okeaniýanyň Milli Olimpiýa komitetleriniň—häzirki wagtda  özüne bu yklymyň milli Olimpiýa komitetleriniň 17-sini birleşdirýän halkara guramasynyň adyndan Türkmenistan bilen ysnyşykly gatnaşyklara taýýardygyny aýdyp, türkmen paýtagtynda 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmäge bagyşlanan AOG-niň maslahatyna  gatnaşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtady.

Milli Olimpiýa komitetleriniň 17-sinden 14-siniň hem-de Okeaniýanyň assosiatiw agzalarynyň 7-sinden 4-siniň wekilleri,  Baş sekretar Rikardo Blas we biziň işgärlerimiz şu gün täsin sport desgalaryna haýran galýandyklaryny aýtmak üçin bu ýere ýygnandylar, şol desgalaryň gurluşygy bolsa eýýäm tamamlanyp barýar diýip, jenap Mitçel aýtdy.

Myhman geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistana ilkinji saparynyň bolandygyny, şonda Aşgabatda V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hem-de Okeaniýanyň Milli Olimpiýa komitetleriniň arasynda Ähtnama gol çekilendigini ýatlap, Okeaniýanyň köp döwletleriniň uly bolmadyk adalarda ýerleşýändigini, 3 uly ýurtdan başga döwletleriň ilatynyň 1 milliona golaýdygyny, ýöne olaryň sporta uly gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Şoňa görä-de, bu sebitiň türgenleri üçin ýene-de 2 ýyldan Türkmenistanda geçiriljek iri ýaryşlar ukyp-başarnyklaryny görkezmek hem-de Aziýanyň iň güýçli türgenleri bilen medallar ugrunda bäsleşmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Okeaniýanyň Milli Olimpiýa komitetleriniň  ýolbaşçysy kabul edýän tarapa myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Aziada—2017-niň eýelerini oýunlaryň geçiriljek ýeri bolan ajaýyp sport desgalarynyň gurulmagy bilen gutlady. Robin Mitçel kärdeşleriniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine we Aşgabadyň ýaşaýjylaryna, şeýle hem Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçylaryna, AOG-niň agzalaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we ýurdumyzyň ýygyndy toparlaryna 2016-njy ýylda Braziliýanyň Rio-de Žaneýro şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda üstünlikler arzuw etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana çykyşy üçin  minnetdarlyk bildirip, dünýä Olimpiýa hereketine, şeýle hem Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň işine ýakyndan gatnaşmak Türkmenistan üçin sport hem-de bedenterbiýe ulgamynda halkara derejesinde hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady.

Biz şeýle hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini aýdyň görýäris. Aýratyn-da soňky ýyllarda bu ugurda aýdyň ýüze çykýan ösüşe ýokary baha berýäris diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Hyzmatdaşlygy ýokary depginler bilen ösdürmegiň we toplanan tejribäni hem-de bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň möhümdigine oňat düşünýäris diýip, milletiň Lideri aýtdy we bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de netijeli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti gazanylan üstünlikler barada aýtmak bilen, geçen ýylyň noýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça  V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Okeaniýa döwletleriniň Milli Olimpiýa Komitetleriniň arasynda Okeaniýanyň 17 ýurdunyň Aşgabatda geçiriljek oýunlara gatnaşmagy baradaky Ähtnama gol çekmek dabarasynyň geçirilendigini belledi. 

Şoňa görä-de, bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň täze derejä çykandygyny ynam bilen aýdyp bileris. Nesip bolsa, 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň iki sebiti birleşdirýän sport köprüsi hökmünde taryha girjekdigine berk ynanýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, biz ýaşlary sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaga giňden çekmek bilen bagly meseleleri düýpli ara alyp maslahatlaşmagy işjeň alyp barmagy maksadalaýyk hasaplaýarys. Olimpiýa, paralimpiýa we bedenterbiýe hereketiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyny,   sagdyn durmuş kadalaryny giňden wagyz etmegi goldaýarys, Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çäklerinde täze gurlan sport desgalarynyň netijeli ulanylmagyny makullaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Robin Mitçele çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara welosport birleşiginiň dolandyryş komitetiniň agzasy Igor Makarowa  söz berdi. 

Myhman ýygnananlary mübärekläp, her sapar dogduk türkmen topragyna gadam basanynda, aýratyn tolgunma duýgusyny başdan geçirýändigini aýtdy. Ol bu toprakda doguldy we kemala geldi, bu ýerde onuň mekdepde we uniwersitetde bile okan dostlary ýaşaýar.  

Igor Makarow Aşgabadyň tanalmaz derejede özgerendigini buýsanç bilen belledi. Häzirki wagtda uly şähere, ýurduň senagat, ylmy we medeni merkezine öwrüldi. Türkmen paýtagty ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Türkmenistanda dünýä derejesinde gurlan döwrebap desgalaryň sany barha artýar. Bu ýerde milletiň Lideriniň başyny başlan, sporty ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde giň möçberli sport taslamalary hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şu gün biz dünýäniň islendik ýurdunyň buýsanyp biljek sport desgasynda durus diýip, I.Makarow sözüni dowam etdi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa  oýunlaryny kabul etjek Aşgabatdaky bu Olimpiýa şäherjigi görenleri haýran galdyrýar. Nygtalyşy ýaly, täsin sport toplumy ähli babatda iň ýokary talaplara laýyk gelýär we Merkezi Aziýa sebitinde onuň deňi-taýy ýokdur. Şunuň bilen baglylykda, myhman Halkara welosport birleşiginiň dolandyryş komitetiniň agzasy hökmünde olimpiýa ülňülerine laýyklykda gurlan ajaýyp üsti ýapyk welotregiň bu şäherjigiň esasy desgalarynyň birine öwrülendigini kanagatlanmak bilen belledi.

Jenap I.Makarow şeýle desganyň gurulmagyny Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmekde örän möhüm ädim diýip atlandyrdy. Bu desga giň möçberli ýaryşlaryň geçiriljek ýerine öwrüler. Çykyş edeniň belleýşi ýaly, halkara welosport birleşigi 2017-nji ýylda Aşgabatda, şu trekde welosiped boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge gyzyklanma bildirýär. Bu birleşigiň Prezidenti Braýan Kukson hem şu mejlise gatnaşýar. Halkara welosport birleşiginiň bilermenleri eýýäm Aşgabadyň täze welotregine gelip gördüler we bu desganyň ýokary hillidigini bellediler hem-de guramanyň ýolbaşçylary bu ýerde dünýä derejesindäki ýaryşlaryň geçirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Igor Makarow Türkmenistanyň Prezidentine 2017-nji ýylda Aşgabatda — Olimpiýa şäherjiginiň treginde welosport boýunça dünýä çempionatyny  geçirmek mümkinçiligine garamak haýyşy bilen ýüzlendi. Jenap I.Makarow hut türkmen döwletiniň Baştutanynyň türkmen paýtagtynda Olimpiýa şäherjigini gurmak başlangyjyny öňe sürendigini hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn üns bermegi netijesinde bu ägirt uly taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini nygtap, halkara welosport birleşiginiň hem-de özüniň ýolbaşçylyk edýän Russiýanyň welosiped sportunyň federasiýasynyň adyndan türkmen Liderini şeýle giň möçberli düzümleýin taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen gutlady hem-de sportuň möhüm ornuna oňat düşünýändigi we ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Myhman döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, uzak ömür hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň, ýurdumyzyň we onuň paýtagty Aşgabadyň gülläp ösmeginiň bähbidine öňe sürýän ähli asylly başlangyçlarynda üstünlik arzuw etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Igor Makarowa beýan edilen teklip üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ýurdumyzda ýokary netijeler sportuny  we höwesjeňler sportuny ösdürmek arkaly olimpiýa hereketine mynasyp goşant goşmaga çalyşýandygyny belledi. Ýurdumyzda welosport boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky teklip öňde goýlan wezipelere doly laýyk gelýär.

Şol bir wagtyň özünde ol halkara sport jemgyýetçiliginiň ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistana ynam bildirýändigine şaýatlyk edýär.

Milletiň Lideri sportuň dürli görnüşleri boýunça iri çäreleri üstünlikli geçirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedigini nygtady. Parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine öňde goýlan maksatlara ýetmek hem-de wezipeleri çözmek üçin biz hyzmatdaş döwletleri we halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşyklara taýýardyrys diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Soňra ýygnananlara Aziada — 2017-ä bagyşlanan hem-de Olimpiýa şäherjigi, onuň desgalary hem-de eýýäm taýýar edilen we gurluşygy tamamlanyp barýan düzümleýin desgalar barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi.

Umuman, gurluşygy 3 tapgyrda alnyp barylýan Olimpiýa şäherjiginiň düzümine dürli maksatly desgalaryň 30-dan gowragy girer. Şäherjigiň ägirt uly çäginde hereketiň amatly bolmagy üçin monorels ýoly işlär. Ol 12 müň “ýaşaýja” niýetlenen Olimpiýa obasyny şäherjigiň beýleki desgalary bilen baglanyşdyrar.

Oýunlaryň açylyş hem-de ýapylyş dabaralarynyň geçiriljek esasy desgasy bolsa, 2016-njy ýylda ulanmaga bermäge taýýar ediler.

Aziada—2017-ä guramaçylyk taýdan taýýarlyk görmek baradaky hasabatyň media — tanyşdyrylyşyna öwrülen wideorolik ertirki güne nazar aýlamaga hem-de ähli desgalary diňe bir daşyndan däl, eýsem, içinden hem synlamaga, ýöriteleşdirilen sport zallarynyň we köpugurly meýdançalaryň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygy jemläp,  Baş Assambleýanyň netijeleriniň biziň sazlaşykly iş alyp barýandygymyzy, birek-birege ýokary derejede düşünýändigimizi we ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýändigimizi aýdyň görkezendigini aýtdy. Bu bolsa biziň umumy üstünliklerimiziň ygtybarly girewi bolup durýar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny Aşgabatda ýokary derejede geçirmäge Bitarap döwletimizde uly jogapkärçilik bilen taýýarlyk görülýär. Bu Oýunlar diňe bir iri sport ýaryşlary bolmak bilen çäklenmeýär. V Aziýa oýunlary biziň açykdygymyzy, ähli ugurlarda giňden hyzmatdaşlyk etmek üçin taýýardygymyzy we bu işleri amala aşyrmaga çalyşýandygymyzy       görkezmäge hem mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde sport halklaryň    ýakynlaşmagynyň we özara düşünişmeginiň örän möhüm serişdesi bolup durýar. Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryna ygrarly bolmak hemişe parahatçylygyň, dostlugyň we raýdaşlygyň nyşany hasaplanýar. Şoňa görä-de, Berkarar Watanymyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge, sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmäge ileri tutulýan ugur hökmünde üns berilýär diýip, döwlet Baştutany belledi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda iri sport desgalarynyň onlarçasy guruldy. Bu desgalar hil taýdan iň ýokary ölçeglere laýyk gelýär. Ýaşlar hem, ýaşuly nesliň wekilleri hem sport bilen meşgullanmaga, işjeň durmuş kadalaryny berjaý etmäge barha giňden gatnaşýarlar. Bu bolsa, özüniň oňat netijelerini berýär. Ýurdumyzyň ilatynyň saglygy has-da gowulanýar we ömür dowamlylygy uzalýar.

Häzir berkarar döwletimiz halkara sport bileleşigine doly goşuldy we möhüm ähmiýetli ähli sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşýar. Eziz Diýarymyzda köpçülikleýin sporty ösdürmegi döwlet tarapyndan goldamak uzak möhletli häsiýete eýe    bolýar. Sebäbi, ýokary ahlakly, sazlaşykly    ösýän, özüniň we mähriban Watanynyň geljegine uly ynam bilen garaýan     şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek biziň maksadymyzdyr diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Garaşsyz döwletimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe boldy. Bu bolsa, diňe bir Bitarap Watanymyza bildirilen ýokary ynam bolmak bilen çäklenmän, eýsem örän uly jogapkärçilik hem bolup durýar. Şoňa görä-de, biz V Aziýa oýunlaryny   örän ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge aýratyn üns berýäris diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de bir gezek nygtady.

Geçen ýyllaryň dowamynda iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça beýleki ýurtlaryň tejribesini hemme taraplaýyn    öwrendik. Maglumat häsiýetli çäreleriň hem birnäçesini geçirdik. Bu ugurda toplanan bilim hem-de tejribe we ony iş ýüzünde ulanmak V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk    görülýän döwürde üstünlik gazanjakdygymyza bizde uly ynam döredýär.

Biz V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmekde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hemişe goldaw we ýardam edýändigine hem ýokary baha berýäris.

Men V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek, hakyky sport baýramçylygyna, kontinentiň we bütin dünýäniň halklarynyň dostlugynyň hem-de raýdaşlygynyň nyşanyna öwürmek üçin, bilelikde ähli zerur işleri geçirjekdigimize berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Milletiň Lideri gowşurylan ýokary sylag üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al Sabaha ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, hemmelere berk jan saglyk we abadançylyk, halklaryň arasynda dost - doganlygy, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berýän sporty giň gerim bilen ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylaryň ählisine üns berip diňlänleri üçin minnetdarlyk bildirip, Olimpiýa şäherjiginden ugrady.

Ertir forum öz işini dowam eder. Forumyň wekilleri ses bermek arkaly 2022-nji ýylda XXIX tomusky Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýurduny saýlarlar. Bilermenleriň pikirine görä, Hytaýyň Çžeszýan welaýatynyň Hançžou şäheri ýeňiş gazanmak babatda esasy dalaşgär bolup durýar.

Şu günler türkmen paýtagtynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisiniň çäklerinde Aziýa Olimpiýa geňeşiniň Utgaşdyryjy komitetiniň we Maliýe komitetiniň mejlisleri geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hem-de Guramaçylyk komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziada—2017-ä taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler duşuşygyň baş mowzugyna öwrüldi. Şeýle hem mejlislerde öňde boljak sport bäsleşiklerini guramak hem-de geçirmek boýunça geljekki meýilnamalar kesgitlenildi we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň býujet meselelerine garaldy.

Bellenilişi ýaly, Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistan halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenmegi, şeýle hem ýurdumyzyň halkara giňişligindäki belent abraýy Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüdi üçin wajyp şert boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  maksada okgunly we täzeçil ýörelgeleri türkmen paýtagtynyň Aziýanyň sport bäsleşikleri babatda seçilip alynmagynda möhüm ähmiýeti boldy. Şunda milli Liderimiziň tagallasy bilen türkmen sporty soňky ýyllarda dünýäniň sport derejesiniň köp ugurlary boýunça batly depginlerde öňe barýar.

Şeýle hem duşuşyklarda Türkmenistanyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Aşgabatda geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi hem-de munuň döwletimizde bedenterbiýäni, sporty wagyz etmekde, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny ýokary götermekde möhüm ähmiýetiniň bardygy nygtaldy. Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinden IV Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky hukugy, şeýle hem Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň bu oýunlary geçirmek baradaky bildiren hormatyny   kabul etmek bilen, ýurdumyz Aziýa yklymynda sport we Olimpiýa hereketini ösdürmek işinde ägirt uly jogapkärçiligi öz üstüne aldy.

Türkmen döwleti öňde boljak sport ýaryşlarynyň geçirilmegini öňi bilen ýurdumyza bildirilen hormat, onuň açyklyk esaslaryna daýanýan halkara hyzmatdaşlygy syýasatynyň ykrar edilmegi, şeýle hem sport ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmäge bolan dünýä bileleşiginiň ägirt uly gyzyklanmasy hökmünde kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk we ony üstünlikli geçirmek Türkmenistan üçin möhüm wezipe bolup durýar. Şunda sport desgalarynyň gurluşygyna we paýtagtymyzda degişli düzümiň döredilmegi boýunça meseleleriň çözülmegine aýratyn ähmiýet berildi.

Bellenilişi ýaly, taýýarlyk işlerine daşary ýurtlaryň tejribeli hünärmenleri, iri halkara ýaryşlaryna birnäçe gezek gatnaşan bilermenler çekildi. Şeýle hem V Aziýa oýunlaryny halkara derejesinde mahabatlandyrmak we ony maglumat ulgamy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn çäreler barada aýdyldy. Aziada—2017-ni giňden wagyz etmekde onuň Internet-saýty möhüm orny eýelär. Onuň doly görnüşi 2016-njy ýylyň dekabrynda işe giriziler. Bu saýtyň kömegi bilen internet ulanyjylar göni ýaýlymda ähli ýaryşlara tomaşa edip bilerler. Aziada—2017 saýtyny işläp taýýarlamak we bezemek boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginde hut türkmen hünärmenleriniň üstün çykandygyny bellemek gerek.

Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň wekilleri Türkmenistanyň V Aziýa oýunlaryny guramak meselelerine jogapkärli çemeleşýändigine ýokary baha berip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa AOG-niň komitetleriniň mejlislerini we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasyny guramakda we geçirmekde berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň