Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Aziýa oýunlary bölüminiň başlygy Haýder Farman bilen söhbetdeşlik

18:1215.09.2015
0
3964

Türkmenistan – sport döwleti – diýip, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Aziýa oýunlary bölüminiň başlygy  Haýder Farman  “Türkmenportala” beren interwýusynda belleýär.

- Türkmenistanda Aziýa oýunalaryna taýýarlyk görlüşi barada Internet maglumatlary esasynda yzygiderli gyzyklanyp durýarys. Bu ýerde oýunlara taýýarlygyň derejesi bizde kanagatlanma döredýär. Olimpiýa şäherjiginde gurlan sport desgalarynda bolsa sportuň  aýry-aýry görnüşleri boýunça dünýä ýaryşlaryny geçirmäge hem mümkinçilik bar.

Düýn bu ýerde iki sany kaşaň myhmanhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdyk. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň mejlisiniň  Olimpiýa şäherjiginde täze açylan myhmanhanada geçirilmegi bu maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şu myhmanhanadan hem Türkmenistanyň dünýäniň 60-dan gowrak döwletinden geljek myhmanlary göwnejaý kabul edip biljekdigine ynamymyz artýar. Men  Türkmenistanyň  Aziada — 2017-ni, garaşylşy ýaly, ýokary derejede geçirip, indiki iri sport ýaryşlaryna mynasyp dalaşgär boljakdygyna ynanýaryn. Çünki Türkmenistanyň  Aziada — 2017-ä görýän taýýarlygy belent bahalara mynasypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň