Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň daşary işler ministri jenap Bogdan Aureskuny kabul etdi

06:2015.09.2015
2
2284

14-nji sentýabrda  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň daşary işler ministri jenap Bogdan Aureskuny kabul etdi.

Duşuşykda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalar boldy.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän giň möçberli sebit we  yklymara ähmiýetli maksatnamalary göz öňünde tutmak bilen, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklary görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Hazar we Gara deňiz sebitlerini baglanyşdyrjak hem-de halkara derejesinde ýük daşamak üçin täze gysga ýoly emele getirjek ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň maksatnamasynyň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem  Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geçirilýän geňeşmeleriň işjeň döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam berýändigi nygtaldy. Mundan başga-da, dürli pudaklarda ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýän ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň eýeleýän ornunyň ähmiýeti hem bellenip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, rumyn işewür toparlarynyň maýa goýumlary üçin amatly şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazarynda iş mümkinçiliklerini giňeltmek meýilleri bellenildi. Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn durmuş-ykdysady özgertmeler strategiýasy, amala aşyrylýan giň göwrümli düzümleýin maksatnamalary, häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmaga ugur alynmagy –öňdebaryjy rumyn, tutuşlygyna alnanda Ýewropa kompaniýalarynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleginiň yzygiderli ösmegine ýardam edýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Rumyniýanyň daşary işler ministri Bogdan Auresku iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mazmuna eýe bolup, mundan beýläk hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň