Baku — 2015 ilkinji Ýewropa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň geňeşçi-maslahatçysy Jeýms Makleod bilen söhbetdeşlik

16:5014.09.2015
0
2278

Aziada — 2017 dünýä sportunyň aýdyň sahypasy bolar — diýip, “Türkmenportala” beren beýanatynda Baku — 2015 ilkinji Ýewropa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň geňeşçi-maslahatçysy Jeýms Makleod belläp geçdi.

— Mende-de şu günki açylan myhmanhanalardan uly täsir galdy, bu ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylara ähli amatly şertler döredilipdir.

Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi üçin ähli taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjigi bu iň ýokary talaplara laýyk gelýän ajaýyp desgalar toplumy. 2017-nji ýyldaky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meselesindäki kuwwatly we düýpli çemeleşme hormat we buýsanç döredýär.

Men şu ýyl Bakuwda geçirilýän, uly üstünlige eýe bolan ilkinji Ýewropa oýunlaryny guramaga gatnaşdym. Elbetde, bu başga derejedäki ýaryşlar, ýöne Türkmenistanyň wekilleri Azerbaýjana gelip, biziň tejribämizi öwrendiler. Munuň özüniň Aşgabatda geçjek Aziada — 2017-ni dünýä sportunyň aýdyň we ýatda galyjy wakasyna öwrülmeginde nepiniň degjekdigine ynanýaryn. Tüýs ýüregimden size uly üstünlikler arzuw edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň