Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Şeýh Ahmed Fahad Al Sabah bilen söhbetdeşlik

15:1414.09.2015
0
2787

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen AOG-niň prezidenti Şeýh Ahmad Fahad Al Sabah şu gün ir bilen Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. “Türkmenportalyň” habarçysy bilen täsirlerini paýlaşyp, ol şeýle diýdi:

—Men ilki bilen siziň ajaýyp Aşgabat şäheriňizde AOG-niň ýokary ýolbaşçy organy bolan Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmen paýtagtyna gelen kärdeşlerimiň ählisini mübärekläsim gelýär. Olar Aziýa we Okeaniýa sebitleriniň ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetleriniň wekilleri, HOK-yň AOG-niň ýolbaşçylarydyr. Şeýle hem forumyň çäklerinde AOG-niň Ýerine ýetiriji we maliýe komitetleriniň mejlisini geçirmek hem göz öňünde tutulýar.

Biz her gezek Türkmenistana gelenimizde siziň ýurduňyzyň özgerýändiginiň, bu ýerde sporty we türkmenistanlylaryň ýaş neslini köptaraplaýyn ösdürmek, olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak babatda uly işleriň edilýändiginiň şaýady bolýarys.

Bu zatlaryň özi ýurduň ýaş raýatlaryna aýratyn üns-alada bilen garaýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasynyň hem pikir-garaýyşlarynyň amala aşmasynyň netijesi bolup durýar. Türkmen döwletiniň Baştutany milletiň saglygyny goramak, türkmenistanlylaryň sport ruhubelentligini saklamak üçin çäksiz yhlas edýär. Muňa her ädimde diýen ýaly göz ýetirmek bolýar: täze sport desgalary gurulýar, olaryň arasynda halkara ülňülerine doly laýyk gelýän Olimpiýa şäherjigini aýratyn bellemek gerek. Türkmenistanda sporty ösdürmek we wagyz etmek babatda alnyp barylýan ägirt uly işler türkmen paýtagtynda 2017-nji ýylda V Aziýa oýunlaryny geçirmek kararyna gelinmegine itergi berdi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Türkmenistan üçin dünýä sportunyň taryhynda açylan täze sahypa bolar. Munuň özi siziň ýurduňyza gelejekde beýleki halkara ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik berer.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek, sportuň 21 görnüşini öz içine aljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleri medallaryň rekord sanyny toplarlar diýip umyt edýärin.

Siziň ýurduňyzda sport bilen meşgullanmak üçin döredilýän giň şertler türkmen türgenlerine iň ýakyn wagtda diňe bir Aziýa oýunlarynda däl, eýsem, ýokary halkara derejesindäki beýleki sport ýaryşlarynda hem mynasyp çykyş edip, baýrakly orunlary eýelemäge mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn.

Size uly üstünlikler arzuw edýärin! 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň