Nuraýym Azykbaýewa: ”Men halklary doganlaşdyrýan sungaty söýýärin”

07:4514.09.2015
0
1544

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň we Hökümetiniň edarasynyň Iş dolandyryş müdirliginiň ýanyndaky «Agym» estrada-folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy, “Türkmeniň Altyn asyry”  bäsleşiginiň ýeňijisi Nuraýym Azykbaýewa:

11-nji sentýabr meniň durmuşymda iň bir ýatdan çykmajak bagtly günleriň biri boldy. Türkmenistanyň hormatly Prezidentine maňa bu sylagy gowşurandygy üçin köp sagbolsun aýdýaryn. Bu meniň Türkmenistana ilkinji saparym. Maňa bu baýrak «Toý güni», «Ýanyp men ataşlaryňa», «Nebereler», «Bahar», «Enekem», «Gyş», «Esimde», «Men seni hemişe söýerin», «Seni çyndan söýýärin», «Filings», «Ulgy yr», «Žaýky tundo» atly dostlukly halklaryň aýdymlaryny ýerine ýetiirendigim üçin gowşuryldy.

Aýdym-saz dünýäsi meni çagalygymdan bäri özüne çekip gelýär. Has dogrusy, heniz çagalyk döwrümde-de saz gurallaryny özbaşdak çalmaga synanyşyşym barada ejem, kakam gürrüň berýärler. Kakam — Kurmangazy Azykbaýew Gyrgyzystanyň halk artisti, at gazanan artisti, sazanda hem-de meniň iň ilkinji halypam. Birnäçe teatrlarda işläp daşary ýurtlaryň ençemesinde konsertler bilen çykyş edýär. Birnäçe folklor-estrada toparlaryny döretdi. Doganym — Nurgazy Azykbaýew hem sungat bilen ýakyndan meşgullanýar. Olaryň aýdym-saz sungaty bilen içgin gyzyklanmaklary meni hem biparh goýmady.

2006-njy ýylda M.Abdraýew adyndaky sazçylyk mekdebiniň skripkaçylar klasyny üstünlikli tamamlap, onuň daşyndan hem gyrgyzlaryň milli saz guraly bolan komuzda saz çalmagy öwrendim. Şol ýyl hem Gyrgyz Milli Konserwatoriýasynyň skripkaçylyk we estrada wokaly ugruna okuwa girdim. Şuwagta çenli ýerine ýetiren aýdymdyr sazlarym jemi 5 sany ýazgyly albom bolup çykdy. Häzirki wagtda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň we Hökümetiniň edarasynyň Iş dolandyryş  müdirliginiň ýanyndaky «Agym» estrada-folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy, bolup zähmet çekýärin. Skripkadan başga-da 12 sany saz guralynda saz çalmagy öwrendim.Türkmen halkynyň durmuşy bilen gyzyklanyp başlanymdan,  meniň  has ünsümi çeken zat ol hem türkmen milli saz guraly bolan dutar. Geljekde dutar çalmagy öwrenmegi hem maksat edýärin.Ýurt derejesinde geçirilýän, dünýä derejesinde geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşýaryn. 2003-nji ýylda estrada aýdymçylarynyň “Yssyk köl – 2003” halkara bäsleşiginde, şol ýyl “Ýaş zehinler” ady bilen geçirilýän respublikan bäsleşiginde, 2004-nji ýylda “Dostuk şany” halkara çagalar festiwalynda ýeňiji boldum. Şeýle-de 2009-njy ýylda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde geçirilen sungatyň ýerine ýetirijilik görnüşleri boýunça geçirilen halkara bäsleşikde dünýäniň iki gezek çempiony bolmak bagty miýesser etdi. Mundan başga-da Gyrgyzystanyň “Tapawutlanan medeniýet işgäri”adyna eýe boldum. GDA döwletleriniň köp şäherlerinde, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Türkiýede, Germaniýada, Hytaýda, Kiprde, Pribaltika döwletlerinde konsertler bilen çykyş etdim. Ine, bu gün bolsa  syýahatçylygyň merjeni hasaplanýan Awazada aýdym aýtmak bagty miýesser etdi. Men muňa örän begenýärin. Awaza bu günki iň bir gelmäge höwes edilýän syýahatçylyk zolaklarynyň birine  öwrüldi. Nesip bolsa, bu ýere tutuş maşgalam bilen dynç almaga gelmegi niýet edýärin.

Her bir ýurt öz milliligine guwanmaga, milliligini dünýä ýaýmaga haklydyr. Türkmen halkynyň milliligini gorap saklamak, ony dünýä ýaýratmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirýän işlerini tüýs ýüregimden goldaýaryn. Türkmenistanda halkyň öz milli gymmatlyklaryna üýtgeşik sarpa goýuşy ýakymly täsirleri döredýär. Maşgalamyz bolup, türkmen ýaýlymlaryna tomaşa edenimizde türkmen milli lybaslary, şaý – sepleri meni bendi etdi. Men şonda türkmen dilinde aýdym aýtmagy, türkmen milli lybaslaryny geýip görmegi arzuw edipdim. Ine, bu gün bolsa men şol arzuwyma ýetdim.

Saparymyz mahalynda biz döredijilik toparymyz bilen konsertde çykyş etdik.  Men türkmen dilinde aýdym aýtdym.  Biziň dilimizde, däp-dessurlarymyzda dürli meňzeşlikler bar. Şonuň üçin hem maňa türkmen dilinde aýdym aýtmak asla kyn düşmedi. Geljekde-de ýene şunuň ýaly türkmen aýdymlaryny aýtmagy maksat edýärin. Ol aýdymlar meniň täze döretjek albomymy bezär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň