Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara energetika maslahaty öz işini tamamlady

06:2714.09.2015
0
1810

Türkmen paýtagtynda 12-13-nji sentýabrda iri energetika forumy — “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” diýip umumy at bilen halkara sergisi hem-de maslahaty geçirildi.

Paýtagtymyzyň Sergi köşgüniň giň zallarynda köpugurly diwarlyklar ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Energetika ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu ýöriteleşdirilen sergä dünýäniň elektrik energetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümleriniň hem-de hususy işewür wekilleriniň — 160-dan gowragy gatnaşdy. Daşary ýurt hyzmatdaşlarymyzyň foruma gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirmegi  bu ulgamyň ýokary depginler bilen ösýändigine şaýatlyk edýär, halkara işewürler toparlary özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler.

Sergä Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Ýaponiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Belarusdan, Ukrainadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan 60-dan gowrak kompaniýa gatnaşdy.  

Sergide giňden ýaýbaňlandyrylan “Türkmenenergo” Döwlet elektrik energetika korporasiýasynyň, “Türkmenenergogurluşyk”, “Türkmenmaşyngurluşyk” konsernleriniň, “Türkmenenergogözegçilik”,  “Aşgabatenergo”, “Türkmenenergoabatlaýyş” önümçilik birleşikleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň, Türkmen döwlet energetika institutynyň we beýlekileriň diwarlyklary türkmen energetikasynyň gazanananlaryny we geljegini aýdyň görkezýär.

Sergä “Çeper gurluşyk”, “Tehnika Mekany”, “Salkyn tomus”, “Türkmen ýyldyzy”, “Kuwwatly energiýa hyzmat”, “Ýaran” ýaly we beýleki köp sanly ýurdumyzyň hususy kärhanalary hem gatnaşdylar. Şeýle hem, daşary ýurt kompaniýalaryndan “General Eleсtriс”, “Sсhneider elektrik”, “Çalyk Enerji”, “Ethos energy”, “Lotus”, “Best transformer”, “Eyropower Enerji”, “Metro”, “Klas kablo”, “Sumitomo”, “Elektroşit”, “Poltawskiý trubomehaniçeskiý zawod”, Minskiniň elektrotehniki zawody we beýlekiler köp sanly gazananlaryny, toplumlaýyn çözgütlerini hem-de nou-haulary, täze işläp taýýarlamalaryny, häzirki zaman energetika enjamlaryny görkezýär.

Sergi köşgüniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň energetika pudagynyň ösüşine bagyşnanan halkara ylmy maslahaty boldy. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ylmy- barlag institutlarynyň hünärmenleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, bilermenler, menejerler hem-de dünýäniň köp ýurtlaryndan söwda wekilleri gatnaşdylar.

13-nji sentýabrda — forum tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

“Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň